1Вap.
Dünýäniň we adamzadyň
ýaradylyşy
1 Başda Hudaý gögi we ýeri
ýaratdy
×.2 Dünýä şekilsiz
boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-
garaňkylyk bilen örtülendi.
Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy
perwaz urýardy
×.
3 Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!»
diýdi. Ýagtylyk peýda boldy
×.4
Hudaý ýagtylygyň gowudygyny
görüp, ony tümlükden bölüp
aýyrdy.5 Hudaý ýagtylygy gündiz,
tümlügi bolsa gije diýip
atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip,
daň atdy. Bu ilkinji gündi.
6 Hudaý: «Suwlaryň aralygynda
gümmez bolsun we ol suwy
suwdan bölüp aýyrsyn!»
diýdi
×.7 Şeýdip, Hudaý gümmez
ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky
suwy ýokarsyndaky suwdan
bölüp aýyrdy
×.8 Hudaý gümmezi
asman diýip atlandyrdy. Şeýdip,
gije geçip, daň atdy. Bu ikinji
gündi.
9 Hudaý: «Asmanyň astyndaky
suwlar bir ýere jemlensin we
gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu
şeýle-de boldy×.10 Hudaý gury
ýeri ýer, bir ýere jemlenen
suwlary bolsa deňiz diýip
atlandyrdy. Hudaý munuň
gowudygyny gördi.11 Soňra
Hudaý: «Ýer dünýäde
görnüşlerine görä tohum
berýän ösümlikleri we
tohumlary miweleriniň içinde
bolan miweli agaçlary
öndürsin!» diýdi. Bu şeýle-de
boldy
×.12 Şeýdip, ýer
görnüşlerine görä tohum
berýän ösümlikleri we
tohumlary miweleriniň içinde
bolan agaçlary öndürdi. Hudaý
munuň gowudygyny gördi.13
Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu
üçünji gündi.
14 Hudaý: «Gündizi gijeden
aýyrmak üçin asmanda
şamçyraglar bolsun. Goý, olar
baýramçylyklary, günleri we
ýyllary görkezsin
×.15
Şamçyraglar asmanyň
gümmezinde bolup, ýer ýüzüne
ýagty saçsynlar!» diýdi. Bu şeýle-
de boldy.16 Şeýdip, Hudaý iki
sany beýik yşygy — gündizi
dolandyrmak üçin uly yşygy,
gijäni dolandyrmak üçin kiçi
yşygy hem-de ýyldyzlary
döretdi
×.17 Ýeriň ýüzüne
ýagtylyk bermek, gündiz bilen
gijäni dolandyrmak we ýagtylygy
garaňkylykdan
tapawutlandyrmak üçin, Hudaý
olary asmanda ýerleşdirdi. Ol
munuň gowudygyny gördi
×.19
Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu
dördünji gündi.
20 Hudaý: «Goý, suw janly-
jandarlardan dolup-daşsyn we
guşlar hem asmanyň
gümmezinde uçsunlar» diýdi.21
Şeýdip, Hudaý äpet deňiz
aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli-
dümen suw jandarlaryny we
dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol
munuň gowudygyny gördi
×.22
Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň,
köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer
ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip,
olara pata berdi
×.23 Şeýdip, gije
geçip, daň atdy. Bu bäşinji
gündi.
24 Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine
görä jandarlary: mallary,
süýrenijileri hem-de haýwanlary
öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de
boldy.25 Hudaý ýer ýüzünde öz
görnüşlerine görä haýwanlary,
mallary hem-de süýrenijileri
döretdi. Ol munuň gowudygyny
gördi.
26 Onsoň Hudaý: «Indi Öz
keşbimizde, Özümize meňzeş
ynsany ýaradalyň. Goý, olar
balyklaryň, guşlaryň, mallaryň,
bütin ýer ýüzündäki
haýwanlaryň
× we ähli
süýrenijileriň üstünden höküm
sürsünler!» diýdi
×.
27 Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde
ynsany ýaratdy,
Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde
ýaratdy,
Olary erkek we aýal edip
ýaratdy
×.
28 Hudaý erkege we aýala:
«Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni
dolduryň we oňa eýeçilik ediň;
balyklaryň, guşlaryň we ýer
ýüzünde hereket edýän bütin
jandarlaryň üstünden höküm
sürüň» diýip pata berdi×.29
Hudaý olara: «Indi Men ýer
ýüzünde tohum berýän
ösümlikleri we tohumlary
miweleriniň içinde bolan bar
agaçlary size berýärin, olar size
iýmit bolar
×.30 Ýerdäki
haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň
hemmesine we burnunda dirilik
nepesi bolan ýer ýüzünde
hereket edýän bütin jandarlara
ýerdäki bar gök ösümlikleri iýmit
üçin berýärin» diýdi. Bu şeýle-de
boldy×.31 Hudaý öz ýaradan
zatlarynyň juda gowudygyny
gördi. Şeýdip, gije geçip, daň
atdy. Bu altynjy gündi
×.

2Вap.
1 Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we
ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy
tamamlandy
×.2 Hudaý ýedinji
günde ähli işini tamamlap, Ol şol
gün dynç aldy
×.3 Hudaý ýedinji
güni aýratyn gün hökmünde
ýalkady, çünki Ol şol gün ähli
ýaradyş işlerini tamamlap, dynç
aldy.
Adam ata bilen How ene Erem
bagynda
4 Beýik Hudaý gögi we ýeri
ýaradanda bolup geçen wakalar
şulardyr:
Beýik Hudaý ýeri we gögi
ýaradanda,
×5 ýer ýüzünde heniz
gyrymsy agaç ýokdy, gök ot hem
bitmändi, çünki Beýik Hudaý
ýere ýagyş ýagdyrmandy we ýeri
bejermek üçin entek hiç kimi
ýaratmandy, emma ýeriň
astyndan çykan suw tutuş
topragy suwarardy×.7 Beýik
Hudaý ýeriň topragyndan
adam
× ýaradyp, onuň burnuna
dirilik nepesini üfledi. Şeýdip,
adam janly barlyk boldy
×.
8 Beýik Hudaý gündogarda
ýerleşen Eremde
× bag oturdyp,
adamy şol ýerde ýerleşdirdi×.9
Beýik Hudaý ol ýerde süýji, dürli-
dürli owadan miweli agaçlary
gögertdi. Bagyň ortarasynda iki
sany daragt: ýaşaýyş daragty
hem-de ýagşy-ýamany saýgaryş
daragty bardy
×.
10 Erem bagyny suwarýan
derýa, Eremiň içinden akyp
geçip, bagyň gutaran ýerinde
dört derýa bölünýär.11 Birinji
derýanyň ady Pişondyr; ol derýa
altyna baý bolan bütin Hawyla
ýurdunyň içinden akyp geçýär.
Ol ýerde sap altyn, bdolah hem-
de hakyk diýen gymmatbaha
daşlar bar
×.13 Ikinji derýanyň
ady — Gihondyr. Ol tutuş Kuş
ýurdunyň içinden akyp
geçýär.14 Üçünji derýanyň ady
— Tigrdir. Ol Aşuryň
gündogaryndan akyp geçýär.
Dördünji bolsa Ýewfrat
derýasydyr×.
15 Erem bagyny işläp bejereri
we oňa gözegçilik ederi ýaly,
Beýik Hudaý adamy ol bagda
ýerleşdirdi
×.16 Beýik Hudaý
adama şeýle emr etdi: «Sen
bagdaky islän agaçlaryň
miwesinden arkaýyn iýip
bilersiň.17 Ýöne sen ýagşy-
ýamany saýgaryş daragtynyň
miwesinden iýmegin, çünki
şondan iýen günüň sen hökman
ölersiň»
×.
18 Beýik Hudaý: «Adama ýekelik
ýagşy däl, oňa özüne laýyk
kömekçi ýaradaýyn» diýdi
×.
19 Beýik Hudaý ähli haýwanlary,
guşlary toprakdan döretdi we
adamyň olary atlandyryşyny
görmek üçin, olary onuň ýanyna
getirdi. Adam ähli janly-
jandarlara näme at beren bolsa,
şol-da olaryň ady boldy×.20
Şunlukda, adam ähli mallara,
guşlara, ähli haýwanlara at
berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk
kömekçi tapylmady.
21 Beýik Hudaý adamy agyr uka
giderdi; adam ukudaka, Reb
onuň bir gapyrgasyny alyp,
boşap galan ýerini et bilen
örtdi
×.22 Beýik Hudaý adamyň
bedeninden alan şol
gapyrgasyndan aýal ýaratdy we
ony adamyň ýanyna getirdi.23
Adam ony görüp: «Ine, süýegi
öz süýegimden, teni öz
tenimdendir; ol aýal bolar, çünki
ol ärinden× alnandyr» diýdi×.24
Şol sebäpden hem erkek ata-
enesini taşlap, aýaly bilen
ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten
bolýar
×.
25 Adam-da, onuň aýaly-da
ýalaňaçdylar, olar heniz
utanmany bilmeýärdiler.

3Вap.
Adam ata bilen How ene Beýik
Hudaýyň tabşyrygyny
bozýarlar
1 Ýylan Beýik Hudaýyň ýaradan
haýwanlarynyň hemmesinden
mekirdi. Ýylan aýaldan:
«Dogrudanam, Hudaý size
bagdaky agaçlaryň hiç birinden
iýmäň diýdimi?» diýip sorady
×.2
Aýal ýylana şeýle jogap berdi:
«Bagdaky agaçlaryň
miwelerinden iýmäge biziň
ygtyýarymyz bar.3 Ýöne Hudaý:
„Siz bagyň ortasyndaky agajyň
miwesinden iýmelem dälsiňiz,
oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam
ölersiňiz“ diýdi»
×.4 Ýylan aýala
şeýle diýdi: «Ýok, ýok!
Ölmersiňiz
×.5 Şol agajyň
miwesinden dadan günüňiz,
Hudaý siziň gözüňiziň
açyljakdygyny we edil Hudaý
kimin boljakdygyňyzy hem-de
ýagşy-ýamany
saýgarjakdygyňyzy bilýär».6 Aýal
bu agajyň miwesiniň iýmit üçin
gowudygyny, göze
ýakymlydygyny we onuň akyl-
paýhas berýändigini görüp,
ondan alyp iýdi. Ýanyndaky
adamsyna-da berdi, ol hem
iýdi×.7 Olaryň gözleri açyldy we
özleriniň ýalaňaçdyklaryny
bildiler. Olar injir agajynyň
ýapraklaryny biri-birine
birleşdirip, özlerine örtgi
edindiler
×.
8 Salkyn aralaşanda, adam aýaly
bilen bagda gezmeläp ýören
Beýik Hudaýyň sesini eşidip,
bagdaky agaçlaryň arasynda
Onuň huzuryndan gizlendiler
×.9
Beýik Hudaý adamy çagyryp:
«Sen nirede?» diýdi.10 Adam:
«Men bagda, Seniň sesiňi eşidip,
gorkup gizlendim, çünki men
ýalaňaçdym» diýdi
×.11 Beýik
Hudaý ondan: «Ýalaňaçdygyňy
saňa kim aýtdy? Iýme diýip
gadagan eden agajymyň
miwesinden iýdiňmi?» diýip
sorady.12 Adam: «Miwäni Seniň
maňa beren aýalyň alyp berdi.
Men hem iýdim» diýdi×.13 Beýik
Hudaý aýaldan: «Bu näme
etdigiň boldy?!» diýip sorady.
Aýal: «Ýylan maňa aldap iýdirdi»
diýdi
×.
14 Beýik Hudaý ýylana:
«Şeýle edeniň üçin,
Ähli mallaryň we haýwanlaryň
Iň nälet siňeni sen bolarsyň.
Garnyňyň üstünde süýrenip
gezersiň sen,
Ömürboýy toprakdan
iýmitlenersiň sen
×.
15 Seniň bilen aýalyň,
Seniň tohumyň bilen aýalyň
tohumynyň arasyna,
Duşmançylyk salaryn Men.
Ol seniň kelläňi owradar,
Sen bolsa onuň dabanyndan
çakarsyň» diýdi×.
16 Beýik Hudaý aýala şeýle diýdi:
«Göwrelilik döwrüňdäki
hasratyňy has artdyraryn,
Agyr burgy bilen dograrsyň
çagalaryňy sen,
Sen äriňe meýilli bolarsyň
×,
Emma ol höküm sürer seniň
üstüňden»
×.
17 Adama bolsa Beýik Hudaý
şeýle diýdi:
«Sen aýalyňyň gepine gitdiň,
„Iýme“ diýip, gadagan eden
agajymyň miwesinden iýdiň.
Seniň eden işiň sebäpli, Men
topragy näletländirin.
Sen toprakdan ömürboýy
muşakgatlyk bilen
iýmitlenersiň
×.
18 Toprak saňa akbaş-ýandak
öndürip berer.
Sen meýdan otlaryny iýersiň.
19 Sen ýerden alnansyň we ýere
dolanýançaň,
Nany maňlaý deriňi döküp
iýersiň.
Çünki topraksyň sen we ýene-de
topraga öwrülersiň»
×.
20 Adam aýalyna How× diýip at
dakdy. Çünki How ähli
ýaşaýanlaryň enesi boldy.21
Beýik Hudaý adam bilen onuň
aýalyna deriden eşikler edip,
olary geýindirdi.
22 Beýik Hudaý: «Ine, adam
ýagşy-ýamany saýgaryp, Biziň
Birimiz kimin boldy. Olar indi
ýaşaýyş daragtyna el uzadyp,
onuň miwesindenem iýip, ebedi
ýaşaýmasynlar» diýdi
×.23 Şoňa
görä öz alnan topragyny işläp
bejereri ýaly, Beýik Hudaý adamy
Erem bagyndan çykardy
×.24 Ol
adamy bagdan kowdy; soňra Ol
ýaşaýyş daragtyna barýan ýoly
goramak üçin, bagyň
gündogarynda kerup
× hem-de
aýlanyp durýan ýalynly gylyjy
goýdy
×.

4Вap.
Kabyl bilen Habyl. Ilkinji
ganhorlyk
1 Adam aýaly Howa ýanaşdy.
How hamyla bolup, Kabyly
dogurdy. How: «Rebbiň kömegi
bilen men bir ogul dünýä
inderdim
×» diýdi.2 Soňra ol
Kabylyň dogany Habyly dogurdy.
Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa
daýhan bolup ýetişdi.3 Birnäçe
wagtdan soň Kabyl topragyň
miwesinden Rebbe sadaka
getirdi
×.4 Habyl hem öz
sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň
ýagly ýerinden Rebbe sadaka
getirdi. Reb Habyly we onuň
sadakasyny kabul etdi
×.5 Emma
Reb Kabyly we onuň sadakasyny
kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty
gahary gelip, ol ýüzüni sallady
×.6
Reb Kabyla şeýle diýdi: «Näme
üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi
sallaýarsyň?7 Eger sen dogry iş
etseň, kabul edilmezmiň ahyryn?
Eger sen nädogry iş etseň, günä
bosagada peýläp ýatandyr;
günäniň seniň üstüňden höküm
süresi geler. Ýöne sen günäniň
üstünden agalyk etmelisiň!»
×
8 Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör,
çeträge çykaly»
× diýdi.
Meýdanda Kabyl Habyla topulyp,
ony öldürdi
×.9 Reb Kabyldan:
«Doganyň Habyl nirede?» diýip
sorady. Ol: «Habarym ýok, men
näme doganymyň sakçysymy?»
diýdi
×.10 Reb Kabyla şeýle diýdi:
«Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň
gany toprakdan Maňa perýat
edýär
×.11 Indi sen näletlendiň
we doganyňyň seniň eliň bilen
dökülen ganyny özüne siňdiren
toprakdan mahrum bolduň
×.12
Sen näçe jan çekseň-de, ýer saňa
hasyl bermez; sen ýer ýüzünde
gaçgak hem sergezdan
bolarsyň».13 Kabyl Rebbe:
«Jezam çekerden agyr
×.14 Ine,
bu gün Sen meni mes toprakly
ýerden kowduň. Men Seniň
huzuryňdan gizlenip, ýer
ýüzünde gaçgak we sergezdan
bolaryn. Maňa duşan, meni
öldürer» diýdi
×.15 Emma Reb
oňa: «Ýok! Kabyly öldüren
adamdan ýedi gezek öç alnar»
diýdi. Reb Kabyla duşanyň ony
öldürmezi ýaly, oňa bellik
goýdy
×.16 Soňra Kabyl Rebbiň
huzuryndan gidip, ol Eremiň
gündogaryndaky Not
×
ýurdunda mesgen tutdy.
17 Kabyl aýalyna ýanaşdy. Onuň
aýaly hamyla bolup, Hanogy
dogurdy. Kabyl gala bina edip,
oňa ogly Hanogyň adyny
dakdy.18 Hanokdan Irat, Iratdan
Mehuýaýyl, Mehuýaýyldan
Metuşaýel, Metuşaýelden Lemek
doguldy.19 Lemek iki aýal aldy:
olaryň biriniň ady Ada,
beýlekisiniňki bolsa Sillady.20
Ada Ýabaly dogurdy. Ýabal
çadyrda ýaşaýan maldarlaryň
atasydy.21 Onuň doganynyň ady
Ýubaldy. Ýubal barbat we tüýdük
çalýanlaryň atasydy.22 Silla
Tubal-Kabyly dogurdy. Tubal-
Kabyl bürünçden we demirden
dürli gurallary ýasaýardy. Onuň
Nagama atly aýal dogany bardy.
23 Lemek aýallaryna şeýle diýdi:
«Eý, Ada we Silla,
Maňa gulak asyň!
Aýallarym, sözümi diňläň!
Meni ýaralan adamy öldürerin,
Meni uran juwan ýigidi
öldürerin.
24 Kabyl üçin ýedi gezek öç
alynsa,
Lemek üçin ýetmiş ýedi gezek öç
alnar»×.
25 Adam ýene aýalyna ýanaşdy.
How bir ogul dogurdy. Ol:
«Kabylyň elinden ölen Habylyň
deregine Reb maňa başga bir
ogul berdi» diýip, onuň adyna
Şis
× dakdy.26 Şisden hem bir
ogul doguldy; ol onuň adyna
Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap
adamlar Rebbiň adyna ybadat
edip başladylar
×.

5Вap.
Adam atanyň nesilleri
1 Adamyň nesilleriniň ýazylan
kyssasy şeýledir. Hudaý ynsany
ýaradanda, ony Öz keşbinde
ýaratdy
×.2 Hudaý olary erkek we
aýal edip ýaratdy; onsoň olara
pata berip, olary «ynsan» diýip
atlandyrdy.3 Adam ýüz otuz
ýaşyndaka, ondan öz keşbinde,
özüne meňzeş bir ogul dünýä
indi. Ol oglunyň adyna Şis
dakdy×.4
●Şis doglandan soň, Adam sekiz
ýüz ýyl ýaşady we ondan
ençeme ogul-gyz dünýä indi.5
Şeýdip, Adam jemi dokuz ýüz
otuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi
×.
6 Şis ýüz bäş ýaşyndaka, ondan
Enoş doguldy
×.7 Enoş
doglandan soň, Şis sekiz ýüz
ýedi ýyl ýaşady we ondan
ençeme ogul-gyz dünýä indi.8
Şeýdip, Şis jemi dokuz ýüz on iki
ýyl ýaşap dünýäden ötdi.9 Enoş
togsan ýaşyndaka, ondan
Keýnan doguldy.10 Keýnan
doglandan soň, Enoş sekiz ýüz
on bäş ýyl ýaşady we ondan
ençeme ogul-gyz dünýä indi.11
Şeýdip, Enoş jemi dokuz ýüz bäş
ýyl ýaşap dünýäden ötdi.12
Keýnan ýetmiş ýaşyndaka,
ondan Mahalaleýel doguldy.13
Mahalaleýel doglandan soň,
Keýnan sekiz ýüz kyrk ýyl ýaşady
we ondan ençeme ogul-gyz
dünýä indi.14 Şeýdip, Keýnan
jemi dokuz ýüz on ýyl ýaşap
dünýäden ötdi.15 Mahalaleýel
altmyş bäş ýaşyndaka, ondan
Ýeret doguldy.16 Ýeret
doglandan soň, Mahalaleýel
sekiz ýüz otuz ýyl ýaşady we
ondan ençeme ogul-gyz dünýä
indi.17 Şeýdip, Mahalaleýel jemi
sekiz ýüz togsan bäş ýyl ýaşap
dünýäden ötdi.18 Ýeret ýüz
altmyş iki ýaşyndaka, ondan
Hanok doguldy
×.19 Hanok
doglandan soň, Ýeret sekiz ýüz
ýyl ýaşady we ondan ençeme
ogul-gyz dünýä indi.20 Şeýdip,
Ýeret jemi dokuz ýüz altmyş bäş
ýyl ýaşap dünýäden ötdi.21
Hanok altmyş bäş ýaşyndaka,
ondan Metuşela doguldy.22
Metuşela doglandan soň, Hanok
ýene üç ýüz ýyl ýaşady we
Hudaýyň huzurynda gezdi.
Ondan ençeme ogul-gyz dünýä
indi
×.23 Şeýdip, Hanogyň ýaşan
günleri üç ýüz altmyş bäş ýyl
boldy.24 Hanok Hudaýyň
huzurynda gezdi; soňra ol
birdenkä gaýyp boldy, sebäbi
Hudaý ony öz ýanyna alypdy
×.25
Metuşela ýüz segsen ýedi
ýaşyndaka, ondan Lemek
doguldy.
26 Lemek doglandan soň,
Metuşela ýedi ýüz segsen iki ýyl
ýaşady we ondan ençeme ogul-
gyz dünýä indi.27 Şeýdip,
Metuşela jemi dokuz ýüz altmyş
dokuz ýyl ýaşap dünýäden
ötdi.28 Lemek ýüz segsen iki
ýaşyndaka, ondan bir ogul
dünýä indi.29 Lemek: «Rebbiň
topragy näletländigi sebäpli, biz
agyr zähmet çekmeli bolýarys.
Bu çaga biziň elimize agyr
zähmet çekmekden teselli
berer» diýip, onuň adyna Nuh
×
dakdy×.30 Nuh doglandan soň,
Lemek bäş ýüz togsan bäş ýyl
ýaşady we ondan ençeme ogul-
gyz dünýä indi.31 Şeýdip, Lemek
jemi ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyl
ýaşap dünýäden ötdi.32 Nuh
bäş ýüz ýaşyndaka, ondan Sam,
Ham we Ýafes dünýä indi×.

6Вap.
Adamzadyň betpälligi
1 Bütin dünýäde adamlar
köpelip başlap, olardan ençeme
gyzlar dünýä indi.2 Ylahy
barlyklar
× bu ynsan gyzlarynyň
owadanlygyny görüp, olardan
öz halanlaryny aýallyga aldylar.3
Şol sebäpli Reb: «Men adamzady
ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar
tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl
bolar» diýdi
×.4 Şol zamanda
hatda ondan gijräkki
döwürlerde-de, dünýäde
nefiller
× bardy. Olar ylahy
barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň
nesilleridi. Nefiller gadym
eýýämden bäri belli, at-abraýly
gahrymanlardy.
5 Bütin dünýädäki adamzadyň
betpälliginiň juda çökderdigini,
olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň
we niýetleriniň hemişe pislikden
doludygyny Reb gördi
×.6 Ol
adamzady ýaradandygyna
ökündi we ýürekden
gynandy
×.7 Reb «Öz ýaradan
ynsanlarymy haýwanlar,
süýrenijiler we guşlar bilen
birlikde ýer ýüzünden süpürip
taşlaryn. Çünki Men olary
ýaradandygyma ökünýärin»
diýdi.8 Ýöne Nuh Rebbiň
nazarynda merhemet tapdy×.
Sil
9 Nuhuň maşgalasynyň kyssasy
şeýledir. Nuh öz
döwürdeşleriniň arasynda
dogruçyl hem takwa adamdy. Ol
Hudaýyň huzurynda gezdi
×.10
Nuhuň Sam, Ham, Ýafes atly üç
ogly bardy.
11 Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi
azgynçylykdan we zulumdan
doludy.12 Hudaý ýer ýüzündäki
azgynçylygy gördi, çünki ähli
janly-jandarlar azgynçylyga ýüz
urupdy
×.13 Hudaý Nuha şeýle
diýdi: «Men bütin janly-
jandarlaryň soňuna çykjak, çünki
olar zerarly ýer ýüzi zulumdan
doldy. Men olary ýer bilen bile
ýok etjek
×.14 Özüňe serwi
agajyndan bir gämi ýasa; onda
otaglar ýasap, gämä içinden
hem daşyndan şepbik çal.15
Gämini şeýle ýasamaly: onuň
uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we
beýikligi otuz gez bolsun.16 Oňa
üçekde× ýasa, üçegiň boýy bir
gez bolsun; gäminiň gapysyny
gapdaldan aç. Gämini aşaky,
ortaky we üstki gatlardan ybarat
edip ýasa.17 Ine, Men bolsa ýer
ýüzüne sil gönderip, gökleriň
astyndaky burnunda dirilik
nepesi bolan janly-jandarlaryň
ählisini ýok etjekdirin; ýer
ýüzündäki zatlaryň barysy
öler
×.18 Emma Men seniň bilen
äht baglaşaryn. Sen ogullaryň,
aýalyň hem gelinleriň bilen gämä
münersiň
×.19 Diri galmaklary
üçin, bir erkek, bir urkaçy edip,
jandarlaryň-da her görnüşinden
bir jübütini gämä alyp mün.20
Diri galmak üçin guşlaryň,
mallaryň we süýrenijileriň hersi
öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup,
seniň bilen gämä münerler.21
Şeýle hem sen özüňe hem ähli
haýwanlara iýmit bolar ýaly öz
ýanyň bilen dürli-dümen azyk-
owkat alyp mün».22 Nuh
Hudaýyň buýran zatlarynyň
hemmesini ýerine ýetirdi×.

7Вap.
1 Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli
maşgalaň bilen gämä mün,
çünki Men seniň
döwürdeşleriňiň içinden diňe
seniň dogruçyl adamdygyňy
gördüm
×.2 Olaryň tohumlaryny
ýer ýüzünde diri saklamak üçin,
halal haýwanlaryň erkeginden
we urkaçysyndan ýedi jübüt,
haram haýwanlaryň erkeginden
we urkaçysyndan iki jübüt, şeýle
hem guşlaryň erkeginden we
urkaçysyndan ýedi jübüt al×.4
Çünki ýedi günden soň, Men
kyrk gije-gündizläp ýere ýagyş
ýagdyryp, Öz ýaradan janly-
jandarlarymyň ählisini ýer
ýüzünden süpürip
taşlajakdyryn»
×.5 Nuh Rebbiň
buýran zatlarynyň hemmesini
berjaý etdi
×.6 Ýere sil gelende,
Nuh alty ýüz ýaşyndady.7 Nuh,
onuň ogullary, aýaly we gelinleri
silden gutulmak üçin gämä
mündüler.8 Hudaýyň Nuha
buýruşy ýaly, halal we haram
haýwanlar, guşlardyr süýrenijiler
erkek we urkaçy jynsynda jübüt-
jübüt bolup, Nuh bilen gämä
mündüler.10 Ýedi günden soň
ýer ýüzüni sil aldy.
11 Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji
ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji
güni — hut şol gün düýpsüz
çuňlugyň ähli çeşmeleri
böwsüldi, asman suw bentleri
kimin açyldy
×.12 Kyrk gije-
gündizläp, ýer ýüzüne dynman
ýagyş ýagdy.13 Şol gün Nuh,
onuň ogullary Sam, Ham, Ýafes,
Nuhuň aýaly hem-de gelinleri
gämä mündüler.14 Ähli
haýwanlar, mallar, süýrenijiler
we guşlar — ähli ganat-perliler
hersi öz taýyna görä, burnunda
dirilik nepesi bolan janly-
jandarlaryň hemmesi jübüt-
jübüt bolup, Nuh bilen gämä
mündüler
×.16 Ähli erkek hem
urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň
Nuha buýruşy ýaly gämä
mündüler. Onsoň Reb gäminiň
gapysyny ýapdy
×.17 Ýer
ýüzünde sil kyrk gün dowam
etdi. Suw gitdigisaýy joşdy we
gämi ýerden ýokary
göterildi
×.18 Ýerde suw joşup,
juda köpeldi; gämi suwda ýüzüp
ýördi.19 Suw ýerde şeýle bir
joşdy welin, hatda ýer ýüzündäki
bar belent daglar-da suwuň
aşagynda galdy.20 Suw daglaryň
depesinden on bäş gez ýokary
galdy; daglaryň üsti suw bilen
örtüldi.21 Ýer ýüzünde hereket
edýän janly-jandarlaryň ählisi,
guşlar-da, mallardyr haýwanlar-
da, süýrenijilerdir ynsanlar-da
ýok boldular
×.22 Gury ýerdäki
burnunda dirilik nepesi bolan
janly-jandarlaryň hemmesi
öldi
×.23 Reb ýer ýüzündäki ähli
janly-jandarlary süpürip taşlady;
ynsanlar, mallar, haýwanlar,
süýrenijiler we guşlar ýer
ýüzünden süpürilip taşlandy.
Diňe Nuh we onuň ýanyndakylar
diri galdylar
×.24 Tutuş ýer
ýüzüni ýüz elli günläp sil aldy.

8Вap.
1 Nuh hem-de onuň bilen
gämide bolan haýwanlardyr
mallaryň ählisini Hudaý ýatdan
çykarmandy. Hudaý ýerde şemal
öwüsdirdi; suw çekilmäge
başlady
×.
2 Düýpsüz çuňlugyň çeşmeleri
beklendi,
Gökleriň penjireleri ýapyldy,
Gökdäki ýagyş diňdi
×.
3 Suw ýer ýüzünden kem-
kemden çekildi; ýüz elli günden
soň suw peseldi
×.4 Gämi ýedinji
aýyň on ýedisi güni Ararat
daglarynda saklandy
×.5 Onunjy
aýa çenli suw peselmegini
dowam etdi; onunjy aýyň biri
güni daglaryň başy göründi.
6 Kyrk günden soň Nuh öz
ýasan gämisiniň penjiresini
açdy-da, bir gargany çykaryp,
uçuryp goýberdi; garga tä ýer
guraýança uçup geziberdi.8
Soňra suwuň ýerden doly
çekilendigini ýa-da
çekilmändigini bilmek üçin Nuh
bir kepderini uçuryp goýberdi.9
Kepderi gonara ýer tapman,
onuň ýanyna gämä dolanyp
geldi, çünki ýeriň ýüzi entek hem
suw bilen örtülendi. Nuh elini
uzadyp kepderini tutdy-da, ony
öz ýanyna gämä aldy.10 Nuh
ýedi gün garaşandan soň, ýene-
de kepderini uçuryp
goýberdi.11 Kepderi agşam
onuň ýanyna dolanyp geldi. Bu
gezek onuň agzynda zeýtun
agajynyň täze ýolnan ýapragy
bardy. Nuh suwuň ýerden
çekilendigine göz ýetirdi.12 Ol
ýene ýedi gün garaşandan soň,
kepderini üçünji gezek iberdi.
Kepderi bu sapar yzyna
dolanmady.
13 Nuhuň ömrüniň alty ýüz
birinji ýylynyň ilkinji aýynyň
birine suw ýerden çekilipdi. Nuh
gäminiň örtügini aýryp seretdi;
ýeriň ýüzi sarygypdy.14 Ikinji
aýyň ýigrimi ýedisine ýer
bütinleý gurady.15 Reb Nuha:
«Aýalyň, ogullaryň we gelinleriň
bilen gämiden çyk. Ýanyňda bar
bolan janly-jandarlaryň ählisini
— ähli haýwanlary: guşlary,
mallardyr süýrenijileri ýeriň
ýüzüne ýaýrap, örňäp, köpeleri
ýaly özüň bilen gämiden alyp
çyk» diýdi
××.18 Nuh aýaly,
ogullary we gelinleri bilen
gämiden çykdy.19 Ähli
haýwanlar, ähli süýrenijiler, ähli
guşlar — ýer ýüzünde hereket
edýän bütin jandarlar öz
görnüşleri bilen gämiden
çykdylar.20 Nuh Reb üçin
gurbanlyk sypasyny ýasady; ol
halal haýwanlardyr guşlaryň
birnäçesini aldy-da, olary
gurbanlyk sypasynyň üstünde
goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk
berdi.21 Reb ýakymly ysy alyp,
Öz ýanyndan şeýle diýdi:
«Mundan beýläk ýer hiç haçan
ynsan zerarly näletlenmez, çünki
onuň kalbyndaky päli-niýeti
ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi
hiç haçan janly-jandarlary şu
edişim ýaly heläkçilige duçar
etmerin
×.
22 Indiden beýläk ýerde,
Ekişdir orumyň, aňzakdyr
jöwzanyň,
Tomusdyr gyşyň hem-de gije-
gündiziň,
Ömürboýy yzy üzülmez»
×.

9Вap.
Hudaýyň Nuh bilen äht edişi
1 Hudaý Nuha hem-de onuň
ogullaryna şeýle pata berdi:
«Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni
dolduryň
×.2 Ähli haýwanlar,
guşlar, süýrenijiler we balyklar
sizden juda gorkuda ýaşarlar;
olaryň hemmesi siziň
ygtyýaryňyza berilýär
×.3 Janly-
jandarlaryň ählisi size iýmit
bolar; edil gök ösümlikleri
berşim ýaly, olaryň hemmesini
Men size berýärin
×.4 Ýöne
olaryň etini gany bilen iýmäň.
Jan gandadyr
×.5 Siziň ganyňyzy
dökene ölüm jezasyny bererin.
Adam öldüren islendik haýwana
ýa-da ynsana Men jeza bererin
×.
6 Kimde-kim bir ynsanyň ganyny
dökse,
Onuň gany hem ynsan
tarapyndan dökülsin,
Çünki Hudaý ynsany —
Öz keşbinde ýaratdy
×.
7 Siz örňäp, köpeliň we ýer
ýüzüne ýaýraň».
8 Hudaý Nuha we onuň
ogullaryna ýüzlenip, şeýle diýdi:9
«Men indi siz we sizden soňky
geljek nesliňiz bilen, şeýle hem
siziň bilen gämiden çykan ähli
jandarlar: guşlar, mallar we ýer
ýüzündäki haýwanlaryň bary
bilen ähtimi dikeldýärin
×.11 Men
siziň bilen ähtimi dikeldýärin.
Indi hiç haçan bütin janly-
jandarlar sil bilen heläklenmez
we tutuş ýer ýüzüni weýran
etjek sil gelmez
×.12 Meniň siz
hem-de siziň bilen bolan ähli
jandarlar bilen nesilden-nesle
edýän ebedilik ähtimiň nyşany
şudur:
×13 bulutlaryň arasynda
ýerleşdiren älemgoşarym Meniň
dünýä bilen eden ähtimiň
nyşany bolar
×.14 Ýeriň ýüzüni
bulut örtüp, bulutlaryň arasynda
älemgoşar görnende, Men siziň
we ähli janly-jandarlar bilen
eden ähtimi ýatlaryn. Mundan
beýläk Men hiç haçan bütin
janly-jandarlary sil bilen
heläklemerin×.16 Bulutlarda
älemgoşar peýda bolan mahaly
ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli
janly-jandarlary bilen eden baky
ähtimi ýatlaryn»
×.17 Hudaý
Nuha: «Ýer ýüzündäki ähli janly-
jandarlar bilen Meniň dikelden
ähtimiň nyşany — ine, şudur»
diýdi.
Nuh we onuň ogullary
18 Sam, Ham, Ýafes Nuhuň
gämiden çykan ogullarydy. (Ham
Kenganyň atasydy.)
×19 Nuhuň
üç ogly şulardy. Tutuş ýer
ýüzüniň ynsanlary şulardan
ýaýrady
×.20 Nuhuň özi
daýhandy. Ol ilkinji bolup, üzüm
agaçlaryny oturtdy.21 Ol şerap
içip, ondan serhoş bolup, öz
çadyrynyň ortarasynda ýalaňaç
ýatyrdy.22 Kenganyň kakasy
Ham öz kakasynyň
ýalaňaçdygyny görüp, muny
beýleki iki doganyna habar
berdi.23 Sam bilen Ýafes geýim
alyp, ony omuzlaryna atdylar we
ýeňseleýin ýöräp baryp,
kakalaryny geýindirdiler.
Ýüzlerini başga tarapa öwrüp,
olar kakalarynyň ýalaňaçlygyny
görmediler.24 Nuh
serhoşlugyndan açylansoň,
körpe oglunyň özüne näme
edendigine göz ýetirip şeýle
diýdi:×25 «Kengana nälet siňsin,
Ol doganlarynyň elinde,
Gullaryň guly bolsun
×.
26 Samyň Hudaýy Rebbe alkyş
bolsun!
Kengan Sama gul bolsun.
27 Hudaý Ýafesi örňetsin
×,
Ýafesiň nesilleri Samlaryň
çadyrlarynda ýaşasyn,
Kengan Ýafese gul bolsun».
28 Nuh silden soň ýene üç ýüz
elli ýyl ýaşady.29 Ol jemi dokuz
ýüz elli ýaşap dünýäden ötdi.

10Вap.
Nuhdan dörän milletler
1 Nuhuň ogullary Samyň, Hamyň
hem-de Ýafesiň nesilleri
şulardyr. Silden soň olardan şu
çagalar doguldy.
2 Ýafesiň nesilleri: Gomer,
Magok, Madaý, Ýawan, Tubal,
Meşek we Tiras×.3 Gomeriň
nesilleri: Aşkenaz, Ripat we
Togarma.4 Ýawanyň nesilleri:
Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodan
×.5
Bulardan deňiz ýakasynda
ýaşaýan milletler ýaýrady. Ine,
Ýafesiň nesilleri şulardy. Olaryň
hersi öz milletlerine görä, öz
ýurtlarynda mesgen tutup, her
tiräniň özüne mahsus bolan dili
bardy×.
6
●Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put
we Kengan.7 Kuşuň nesilleri:
Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we
Sabteka. Ragamanyň nesilleri:
Şeba we Dedan.8 Kuşdan ýene
Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde
ilkinji edermen urşujydy.9
Nimrot Rebbiň huzurynda batyr
— awçy bolup ýetişdi. Şol
sebäpden hem il arasynda:
«Rebbiň huzuryndaky Nimrot
ýaly batyr — awçy» diýilýär.10
Başda Nimrodyň şalygy Şingar
ýurdundaky Babyl, Erek, Akat
hem Kalne galalarynyň dördüsini
öz içine alýardy
×.11 Nimrot ol
ýurtdan Aşura çykyp, Ninewäni,
Rehobotiri, Kalany hem-de
Ninewe bilen beýik gala bolan
Kalanyň aralygyndaky Reseni
bina etdi.13
●Müsür lutlaryň, anamlaryň,
lehablaryň, naptuhlaryň,
patruslaryň, kasluhlaryň we
kaptorlaryň atasydy;
kasluhlardan hem piliştliler gelip
çykdy
×.15 Kengandan onuň
ilkinji ogly Sidon hem-de Het
doguldy
×.16 Kengan ýabuslaryň,
amorlaryň, girgaşlaryň,17
hiwileriň, arklaryň, sinleriň,18
arwatlaryň, semarlaryň we
hamatlaryň hem atasydy. Soňra
Kengan tireleri dumly-duşa
ýaýradylar.19 Olaryň araçägi
Sidondan Gerara hem-de Gaza
çenli, Gazadan Sodoma, Gomora,
Adma, Seboýyma we Laşa çenli
baryp ýetdi.20 Ine, Hamyň
nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz
milletlerine görä, öz
topraklarynda mesgen tutup,
her tiräniň özüne mahsus bolan
dili bardy.
21 Ýafesiň agasy Samdan-da
ençeme ogul dünýä indi. Ol
ýewreýleriň
× atasydy.22
●Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we
Aram Samyň nesilleridir.23 Us,
Hul, Geter we Maş Aramyň
nesilleridir.24 Arpakşatdan Şela,
Şeladan Eber doguldy
×.25
Eberden iki ogul dünýä indi,
olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň
döwründe dünýädäki halk
bölünipdi
×; onuň doganynyň
ady Ýoktandy×.26 Ýoktandan
Almodat, Şelep, Hasarmawet,
Ýera,27 Hadoram, Uzal, Dikla,28
Obal, Abymaýyl, Şeba,29 Opyr,
Hawyla we Ýobap doguldy.
Bularyň hemmesi Ýoktanyň
nesilleridir
×.30 Olar Meşa bilen
Separ aralygyndaky gündogar
daglarda mesgen tutdular.31
Ine, Samyň nesilleri şulardy.
Olaryň hersi öz milletlerine görä
öz topraklarynda mesgen tutup,
her tiräniň özüne mahsus bolan
dili bardy.
32 Nuhuň ogullaryndan milletleri
boýunça emele gelen tireler
şulardyr. Silden soň olardan
ençeme milletler döräp, olar
tutuş ýer ýüzüne ýaýradylar
×.

11Вap.
Babyl diňi
1 Tutuş ýer ýüzünde bir dil,
birmeňzeş sözler bardy.2
Adamlar gündogardan göçüp
barýarkalar, Şingar ýurdunda bir
düzlügiň üstünden gelip, şol
ýerde mesgen tutdular
×.3 Olar
biri-birlerine: «Geliň, kerpiç
ýasap, ony gowy bişireliň»
diýişdiler. Olar gurluşyk üçin
daşyň ýerine kerpiç, palçygyň
ýerine bolsa şepbik ulandylar
×.4
Soňra olar: «Ýer ýüzüne
dagaman, özümizden bir at
galdyrarymyz ýaly geliň, bir gala
we depesi göge ýetip duran diň
guralyň» diýişdiler
×.5 Reb
ynsanlaryň gurýan galasyny
hem-de diňini görmek üçin aşak
indi
×.6 Reb: «Görsene, olar bir
halk, olaryň dilleri-de bir. Bu
olaryň niýetiniň başlangyjydyr;
olar indi öz göwünlerine gelen
zatlaryny etmekden
saklanmazlar.7 Geliň, aşak ineliň-
de, biri-biriniň gepine
düşünmez ýaly, olaryň dilini
garyşdyralyň» diýdi
×.8 Şeýdip,
Reb ynsanlary bütin ýer ýüzüne
dargatdy; olar gala gurmalaryny
bes etdiler
×.9 Şoňa görä-de şol
gala Babyl diýip at dakyldy, çünki
Reb şol ýerde ähli ynsanlaryň
dilini garjaşdyryp
×, olary bütin
ýer ýüzüne dargadypdy×.
Samyň nesilleri
10
●Samyň nesilleri şulardyr. Silden
iki ýyl soňra, Sam ýüz ýaşyndaka,
ondan Arpakşat doguldy.11
Arpakşat doglandan soň, Sam
ýene bäş ýüz ýyl ýaşady we
ondan ençeme ogul-gyz dünýä
indi.12 Arpakşat otuz bäş
ýaşyndaka, ondan Şela
doguldy.13 Arpakşat Şela
doglandan soň ýene dört ýüz üç
ýyl ýaşady we ondan ençeme
ogul-gyz dünýä indi.14 Şela otuz
ýaşyndaka, ondan Eber
doguldy.15 Şela Eber doglandan
soň ýene dört ýüz üç ýyl ýaşady
we ondan ençeme ogul-gyz
dünýä indi.16 Eber otuz dört
ýaşyndaka, ondan Pelek
doguldy.17 Pelek doglandan soň
Eber ýene dört ýüz otuz ýyl
ýaşady we ondan ençeme ogul-
gyz dünýä indi.18 Pelek otuz
ýaşyndaka, ondan Reguw
doguldy.19 Reguw doglandan
soň Pelek ýene iki ýüz dokuz ýyl
ýaşady we ondan ençeme ogul-
gyz dünýä indi.20 Reguw otuz
iki ýaşyndaka, ondan Seruk
doguldy.21 Seruk doglandan
soň Reguw ýene iki ýüz ýedi ýyl
ýaşady we ondan ençeme ogul-
gyz dünýä indi.22 Seruk otuz
ýaşyndaka, ondan Nahor
doguldy.23 Nahor doglandan
soň Seruk ýene iki ýüz ýyl ýaşady
we ondan ençeme ogul-gyz
dünýä indi.24 Nahor ýigrimi
dokuz ýaşyndaka, ondan Tera
doguldy
×.25 Tera doglandan
soň Nahor ýene ýüz on dokuz
ýyl ýaşady we ondan ençeme
ogul-gyz dünýä indi.26 Tera
ýetmiş ýaşyndaka, ondan Ybram,
Nahor hem-de Haran doguldy
×.
Teranyň nesilleri
27 Teranyň nesilleri şulardyr.
Teradan Ybram, Nahor we Haran
doguldy. Harandan Lut
doguldy.28 Haran öz dogduk
mekanynda, babyllaryň Ur
galasynda kakasy Tera dirikä
aradan çykdy.29 Ybram bilen
Nahor öýlendiler; Ybramyň
aýalynyň ady Sare, Nahoryňky
bolsa Milkady. Milka Haranyň
gyzydy. Haran Iskanyň hem
kakasydy
×.30 Sare önelgesizdi;
onuň çagasy ýokdy.31 Tera ogly
Ybramy, agtygy Haranyň ogly
Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly
Sareni öz ýanyna alyp, Kengan
topragyna gitmek üçin
babyllaryň Ur galasyndan çykyp
gaýtdy. Olar Harana gelip, şol
ýerde mesgen tutdular
×.32 Tera
iki ýüz bäş ýaşynda Haranda
aradan çykdy.

12Вap.
Hudaýyň Ybrama tabşyrygy we
wadasy
1 Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz
ýurduňy, kowumdaşlaryňy we
ataňyň hojalygyny taşla-da,
Meniň saňa görkezjek ülkäme
git
×.
2 Senden beýik bir millet
ýaradyp,
Men seni ýalkaryn,
Seni belende götererin,
Adamlar seniň adyňdan
Pata bererler biri-birlerine
×.
3 Seni ýalkany ýalkaryn,
Seni näletläni-de näletlärin;
Ýer ýüzündäki ähli milletler
Sen arkaly pata alarlar»
×.
4 Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola
düşdi. Lut hem onuň bilen bile
gitdi. Harandan çykyp gaýdanda,
Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady
×.5
Ol aýaly Sareni, doganoglany
Luty hem-de Harandaky ähli mal-
mülküni we gullaryny alyp,
Kengan ýurduna tarap ýola
düşdi. Olar Kengana geldiler.6
Ybram Kenganyň içi bilen
Şekemiň golaýyndaky Moredäki
dub agajyna çenli gitdi. Ol
döwürlerde kenganlar şol ýerde
ýaşaýardylar
×.
7 Reb Ybrama görnüp: «Men şu
ýurdy seniň nesliňe berjek»
diýdi. Ybram ol ýerde özüne
görnen Rebbe gurbanlyk
sypasyny ýasady
×.8 Soňra ol
ýerden Beýteliň
gündogaryndaky daglyga tarap
gitdi. Günbatar tarapynda galan
Beýtel we gündogar tarapynda
galan Aý galalarynyň arasynda
öz çadyryny dikdi. Ybram ol
ýerde Reb üçin gurbanlyk
sypasyny ýasap, Rebbiň adyna
ybadat etdi
×.9 Soňra ol bir
ýerden başga ýere göçüp-
gonup, günorta tarap ýoluny
dowam etdirdi.
Ybram we Sare Müsürde
10 Kenganda gazaply açlyk
başlandy. Şoňa görä Müsürde
gelmişek bolup ýaşamak üçin,
Ybram Müsüre gitdi
×.11 Olar
Müsüre golaýlaşanlarynda,
Ybram aýaly Sarä: «Men seniň
juda owadan aýaldygyňy
bilýärin.12 Müsürliler seni
görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler;
onsoň olar meni öldürerler, seni
bolsa diri galdyrarlar×.13 Olaryň
sen üçin maňa ýagşylyk ederleri
we seniň üstüň bilen meniň
janymyň halas bolary ýaly sen
olara: „Men onuň aýal dogany“
diý» diýdi.
14 Ybram Müsüre gelende,
müsürliler Sareniň juda
owadandygyny gördüler.15
Sareni gören faraonyň
× köşk
emeldarlary faraona Sareniň
gözelligini tarypladylar. Hatyn
köşge äkidildi.16 Sareniň
hatyrasyna faraon Ybrama
ýagşylyk etdi. Ol Ybrama
dowarlar, öküzler, eşekler, gul-
gyrnaklar we düýeler berdi.17
Reb Ybramyň aýaly Sare sebäpli
faraon we onuň köşgündäki
adamlara elhenç keseller bilen
ejir çekdirdi
×.18 Şonda faraon
Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni
nä günlere saldyň?! Sareniň öz
aýalyňdygyny näme üçin maňa
aýtmadyň?19 Näme üçin sen „Ol
meniň aýal doganym“ diýdiň?
Men Sareni özüme aýallyga
aldym-a! Ynha, seniň aýalyň, ony
al-da, gümüňi çek!» diýdi.20
Faraon Ybram barada öz
adamlaryna buýruk berdi. Olar
Ybramy aýalydyr bar emlägi
bilen Müsürden öz ýoluna
ugratdylar.

13Вap.
1 Ybram aýalyny hem ähli
emlägini alyp, Müsürden çykyp,
Negep çölüne gitdi. Lut hem
onuň ýanyndady
×.
Ybram bilen Lut biri-birinden
aýrylyşýarlar
2 Ybram juda baýdy. Onuň süri-
süri ownukly-irili mallary, altyn-
kümüşleri bardy
×.3 Ybram
Negep çölünden gaýdyp, göçüp-
gonup, syýahatyny Beýtele çenli
dowam etdirdi. Ol Beýtel bilen
Aýyň aralygyndaky öňki çadyr
diken ýerine bardy we öňki
guran gurbanlyk sypasynyň
ýanynda Rebbiň adyna ybadat
etdi
×.
5 Ybram bilen bile gelen Lutuň
hem ownukly-irili mallary we
çadyrlary bardy.6 Mallary juda
köp bolansoň, olara öri darlyk
etdi. Şol sebäpli hem olar bile
ýaşap biljek däldiler
×.7 Şeýdip,
Ybramyň çopanlary bilen Lutuň
çopanlarynyň arasynda dawa-
jenjel turdy. Şol döwürlerde
kenganlar bilen perizler hem
Kengan topragynda
ýaşaýardylar
×.8 Şonda Ybram
Luta: «Öz aramyzda-da,
çopanlarymyzyň arasynda-da
dawa-jenjel bolmasyn. Biz
garyndaşdyrys
×.9 Ine, tutuş ýurt
seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Biz
aýrylyşaly. Sen saga gitseň, men
sola giderin, sen sola gitseň,
men saga giderin» diýdi
×.
10 Lut daş-töweregine göz
aýlap, Iordan deresiniň Sogara
çenli edil Rebbiň bagy, Müsür
topragy ýaly, bu ýeriň bol
suwdan ganandygyny gördi. Bu
Rebbiň Sodomy we Gomorany
weýran etmezinden öňdi×.11
Lut özüne Iordan deresini saýlap
alyp, gündogara tarap ýola
rowana boldy. Şeýdip, olar
aýrylyşdylar.12 Ybram Kenganda,
Lut bolsa Iordan deresindäki
galalarda düşlediler. Lut
çadyryny Sodomyň çetinde
dikdi.13 Sodomyň halky pis işleri
bilen Rebbe garşy uly günä
etdiler
×.
14 Lut aýrylyp gidenden soň,
Reb Ybrama şeýle diýdi: «Häzirki
oturan ýeriňden demirgazyga
we günorta, gündogara we
günbatara gözüňi aýla
×.15
Görýän tutuş ýurduňy Men saňa
hem-de seniň nesliňe ebedilik
berjekdirin
×.16 Seniň nesliňi edil
ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz
ederin. Eger ýeriň çägeleri
sanalyp bilinýän bolsa, onda
seniň nesliň-de sanalyp
bilner
×.17 Bar, özüňe beriljek
topraga boýdan-başa aýlanyp
çyk. Men ony saňa berjek».
18 Şeýdip, Ybram göçüp,
Hebronyň golaýyndaky
Mamräniň dub tokaýjygyna geldi
we şol ýerde düşläp, Rebbe
gurbanlyk sypasyny gurdy×.

14Вap.
Ybram Luty halas edýär
1 Amrapel Şingaryň, Arýok
Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň,
Tidal bolsa Goýimiň
patyşasydy
×.2 Bular Sodom şasy
Beranyň, Gomora şasy Birşanyň,
Adma şasy Şinabyň, Seboýym
şasy Şemeberiň we Sogar diýip
atlandyrylýan Bala şasynyň
garşysyna urşa başladylar
×.3
Sidim deresinde, ýagny Duz
deňzinde bular öz güýçlerini
birleşdirdiler
×.4 Bu şalar on iki
ýyllap, Kedorlagomere gulluk
etdiler, on üçünji ýyl bolsa oňa
garşy baş göterdiler.5 On
dördünji ýylda Kedorlagomer we
onuň bilen birleşen şalar,
Aşterotkarnaýymda rapalary,
Hamda zuzylary,
Şawekirýataýymda eýmimleri we
çöl etegindäki Eýlparana çenli
uzalyp gidýän Segir daglarynda
horylary derbi-dagyn etdiler
××.7
Olar Segir daglaryndan yzlaryna
öwrülip, Eýnmişpata (ýagny
Kadeş) galalaryna geldiler we
amalekleriň tutuş topragyny
basyp alyp, Haseson Tamarda
ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe
sezewar etdiler×.8 Onsoň
Sodom, Gomora, Adma, Seboýym
we Bala, ýagny Sogar şalary
söweş meýdanyna çykdylar we
bäş şa bolup, Sidim deresinde
dört şanyň — Eýlam şasy
Kedorlagomeriň, Goýim şasy
Tidalyň, Şingar şasy Amrapeliň,
Elasar şasy Arýogyň garşysyna
söweşe girdiler.
10 Sidim deresi içi şepbikli
çukurlardan doludy. Sodom
bilen Gomora şalary gaçyp
barýarkalar, olaryň
adamlaryndan käbirleri şol
çukurlara ýykyldylar, beýlekileri
bolsa daglara gaçdylar
×.11 Dört
şa bolsa Sodomyň hem-de
Gomoranyň olja alnan ähli mal-
mülküdir azyklaryny alyp
gitdiler
×.12 Olar Ybramyň
doganoglany Luty-da ähli mal-
mülki bilen bile äkitdiler. Ol hem
Sodomda ýaşaýardy
×.
13 Gaçyp gutulanlardan biri
gelip, bolan wakany Ybram
ýewreýe habar berdi. Şol
wagtlar Ybram Eşkol bilen
Aneriň dogany amor Mamräniň
dub tokaýjygynyň gapdalynda
ýaşaýardy. Olar Ybramyň
arkadaşlarydy
×.
14 Öz doganoglany Lutuň ýesir
düşendigini eşidip, hojalygynda
doglup, söweşe türgenleşdirilen
üç ýüz on sekiz sany esgeriň
öňüne düşüp, Ybram Dana çenli
şol dört şanyň yzyndan
kowdy×.15 Ybram esgerlerini
toparlara bölüp, gije şalaryň
üstüne çozup, olary derbi-dagyn
etdi. Soňra Ybram olary ýene
Damaskdan demirgazykda
ýerleşen Hobaha çenli kowdy.16
Ybram olja alan ähli mal-
mülküni, doganoglany Luty,
onuň ähli emlägini, aýallary hem
halky yzyna gaýtaryp getirdi
×.
Mäliksadyk Ybrama pata
berýär
17 Ybram Kedorlagomeri we
onuň ýanyndaky şalary derbi-
dagyn edip gelenden soň,
Sodom şasy ony garşylamak
üçin Şawe deresine, ýagny şa
jülgesine gitdi
×.18 Beýik
Hudaýyň ruhanysy bolan Salim
şasy Mäliksadyk Ybrama çörek
bilen şerap getirdi
×.19 Ol
Ybrama pata berip:
«Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý
Ybramy ýalkasyn!
×
20 Duşmanlaryny onuň eline
beren
Beýik Hudaý alkyş bolsun!» diýdi.
Ybram ähli zadyň ondan birini
Mäliksadyga berdi
×.21 Onsoň
Sodom şasy Ybrama: «Meniň
adamlarymy yzyna ber, ähli mal-
mülki bolsa özüň al» diýdi.22
Ybram Sodom şasyna şeýle
diýdi: «„Ybramy men
gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly,
saňa degişli zatlaryň hiç birini,
hatda bir guşajygy ýa-da
sapajygy hem almajakdygyma
ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý
Rebbiň adyndan ant
içýärin
××.24 Ýöne ýigitleriň iýen
iýmitleri muňa degişli däldir.
Şeýle hem meniň bilen giden
Aner, Eşkol we Mamre hem öz
paýlaryny alsynlar»
×.

15Вap.
Reb Ybram bilen äht edýär
1 Şu wakalardan soň Reb
Ybrama görnüp, oňa şu sözleri
aýtdy: «Ybram, gorkma! Men
seniň galkanyňdyryn, seniň
sylagyň juda uly bolar»
×.2
Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb,
Sen maňa näme berjek? Men
perzentsiz öterin! Hojalygym
damaskly Eligezere miras galar.3
Sen maňa perzent bermänsoň,
hojalygymdaky gulum maňa
mirasdar bolar» diýdi×.4 Ybrama
Rebbiň şu sözi geldi: «Ol seniň
mirasdaryň bolmaz, öz biliňden
önjek seniň mirasdaryň bolar»
diýdi
×.5 Soňra Reb Ybramy
daşary çykaryp: «Asmana seret.
Sen şol görünýän ýyldyzlary
sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-
da nesilleriň bolar» diýdi
×.6
Ybram Rebbe iman etdi we Reb
ony dogruçyl hasaplady
×.
7 Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe
bolmagyň üçin seni babyllaryň
Ur galasyndan çykaran Reb —
Mendirin» diýdi
×.8 Ybram: «Eý
Hökmürowan Reb! Özümiň şu
topragyň eýesi boljakdygymy
men nädip bilerin?» diýdi
×.9
Reb oňa: «Maňa üçýaşar göle,
üçýaşar geçi, üçýaşar goç,
gumry hem-de ýaş kepderi
getir» diýdi.10 Ybram getirip,
olaryň hersini iki bölege böldi
we her bölegi öz jübütiniň
garşysynda goýdy. Ýöne ol
guşlary bölmedi
×.11 Ybram
läşleriň üstünde aýlanyşýan
çaýkelleri kowdy.
12 Gün ýaşyp barýarka, Ybramy
agyr uky basmarlady; onuň
üstüne elhenç gorky howpy
abandy
×.
13 Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen
şuny bilip goýgun, seniň nesliň
ýat toprakda gelmişek hem gul
bolup ýaşar we şol ýeriň halky
olary dört ýüz ýyllap ezer
×.14
Emma Men seniň nesliňi gul
eden halkyň jezasyny bererin.
Şondan soň olar ummasyz mal-
mülki bilen ol ýerden çykarlar
×.
15 Sen bolsaň uzak ýaşap,
asudalykda ölüp, ata-babalaryňa
gowuşarsyň
×.16 Nesliňiň
dördünji arkasy bu ýere dolanyp
geler, çünki amorlaryň günäsi
heniz jeza almak derejesine
ýetenok»
×.
17 Gün ýaşyp, garaňky düşende,
tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra
görnüp, bular haýwan
bölekleriniň arasyndan
geçipmiş.
18 «Müsür derýasyndan tä beýik
Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp
gidýän şu ýurdy — kabyllaryň,
kenizleriň, kadmonlaryň,
hetleriň, perizleriň, rapalaryň,
amorlaryň, kenganlaryň,
girgaşlaryň we ýabuslaryň
ýaşaýan ýurduny Men seniň
nesilleriňe berýändirin» diýip,
hut şol gün Reb Ybram bilen äht
edişdi
×.

16Вap.
Hajar we Ysmaýyl
1 Ybramyň aýaly Sare oňa çaga
dogrup bermedi. Sareniň Hajar
atly müsürli bir gyrnagy
bardy
×.2 Bir gün Sare Ybrama:
«Sered-ä, Reb meni çaga
dogurmakdan saklady. Sen
meniň gyrnagym bilen ýat. Belki,
ol maňa çaga dogrup berer»
diýdi. Ybram Sareniň sözüne
gulak asdy.3 Şeýdip, Sare
müsürli çorusy Hajary öz adamsy
Ybrama aýallyga berdi. (Bu waka
bolup geçende, Ybram
Kenganda on ýyl ýaşapdy.)
×
4 Ybram Hajar bilen ýatdy we
Hajar göwreli boldy. Hajar
özüniň göwrelidigini bilenden
soň, öz bikesine ýigrenç bilen
seretdi
×.5 Sare Ybrama: «Meniň
mertebämiň peselmegine sen
sebäp bolduň! Öz gyrnagymy
seniň goýnuňa beren mendirin.
Ol özüniň göwrelidigini bileni
bäri, maňa ýigrenç bilen
seredýär. Ikimizden haýsymyzyň
mamladygymyzy, goý, Reb
çözsün» diýdi
×.
6 Ybram Sareýe: «Gyrnagyň öz
eliňde. Sen oňa islän zadyňy et»
diýdi. Şunlukda, Sare Hajara juda
ýowuz daraşyp ugrady. Hajar
ondan gaçyp gitdi.
7 Rebbiň perişdesi Hajary çöl
içindäki, Şur ýolundaky
gözbaşyndan tapdy. Ol ondan:
«Eý, Sareniň çorusy Hajar,
nireden gelip, nirä barýarsyň?»
diýip sorady. Hajar: «Bikäm
Sareden gaçyp barýaryn» diýip
jogap berdi×.9 Rebbiň perişdesi
Hajara: «Bikäň ýanyna dolan-da,
oňa tabyn bol» diýdi.10 Rebbiň
perişdesi sözüni dowam edip,
Hajara: «Seniň nesliňi şeýle bir
köpelderin welin, hatda olary
sanap-da bolmaz
×.
11 Sen häzir göwreli; seniň bir
ogluň bolar.
Sen onuň adyna Ysmaýyl
×
dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-
nalaňy eşitdi
×.
12 Ol gulan ýaly bir adam bolar.
Ol her kese, her kes hem oňa
garşy bolar.
Ol öz doganlarynyň hiç biri bilen
oňuşmaz»
×.
13 «Men, hakykatdan-da, özüme
Üns Berýän Hudaýy gördüm»
diýip, Hajar özi bilen gepleşen
Rebbi «Görýän Hudaý» diýip
atlandyrdy
×.14 Şoňa görä-de
Kadeş bilen Berediň arasyndaky
ol guýy «Beýer-lahaýroý»
× diýip
atlandyrylandyr×.
15 Hajar Ybrama bir ogul
dogrup berdi. Ybram oglunyň
adyna Ysmaýyl dakdy.16 Hajar
Ysmaýyly dogranda, Ybram
segsen alty ýaşyndady.

17Вap.
Sünnet Hudaý bilen edilen
ähtiň nyşany
1 Ybram togsan dokuz
ýaşyndaka, Reb oňa görnüp,
şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli
Hudaýdyryn. Sen Meniň
nazarymda gez we takwa bol
×.2
Men seniň bilen äht ederin we
saňa juda köp nesil bererin»
×.3
Şol wagt Ybram Onuň öňünde
ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle
diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim,
ine, şudur. Sen köp milletleriň
atasy bolarsyň
××.5 Indiden
beýläk seniň adyň Ybram däl-de
Ybraýym bolar, çünki Men seni
köp milletleriň atasy
× edýärin×.6
Men seni juda örňederin.
Senden milletler hem şalar
dörär
×.7 Men seniň bilen we
seniň nesliň bilen nesilden-nesle
dowam etjek ebedilik ähtimi
dikelderin. Men seniň hem-de
seniň nesliňiň Hudaýy
bolaryn
×.8 Häzirki gelmişek
bolup ýaşap ýören ýeriň bolan
Kengan ýurduny tutuşlygyna
Men saňa hem-de seniň nesliňe
ebedilik mülk edip bererin. Men
olaryň Hudaýy bolaryn»
×.
9 Hudaý sözüni dowam edip,
Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen hem
seniň özüňden soňky nesliň
nesilden-nesle Meniň ähtimi
berjaý etmelisiňiz.10 Siz Meniň
sen we seniň geljekki nesliň
bilen edýän ähtimiň şertlerini
berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky
erkekleriňiziň ählisini
sünnetlemelisiňiz.11 Ujydyňyzyň
pürçügini kesdirip, sünnetleniň.
Sünnet siz bilen Meniň aramdaky
ähtiň nyşany bolar×.12 Mundan
beýläk öz nesliňizden, şeýle hem
özüňizden bolman, kesekilerden
satyn alan gullaryňyzdan doglan
erkek çagalaryň hemmesi sekiz
günlükkä sünnetlenmelidir
×.13
Seniň öz hojalygyňda doglan
gullaryň-da, satyn alan gullaryň-
da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek
bilen siziň teniňiz, Meniň siz
bilen eden ähtimiň bakydygyny
görkezer.14 Ujydynyň pürçügini
kesdirip, sünnetlenmedik erkek
ähti bozan adam hökmünde öz
halkynyň arasyndan çykarylsyn».
15 Hudaý Ybraýyma: «Indi
aýalyňyň adyny Sare diýip tutma.
Mundan beýläk onuň ady Sara
×
bolar.16 Men Sarany ýalkaryn;
ondan saňa bir ogul hem
bererin. Men ony ýalkaryn; ol
ençeme milletleriň enesi bolar.
Onuň neslinden şalar
dörär»
×.17 Ybraýym Onuň
öňünde ýüzin düşdi; soňra ol
gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky
adamdanam bir, heý, çaga
doglarmy?! Togsan ýaşyndaky
Sara-da bir çaga dogrup
bilermi?!» diýdi
×.18 Soňra
Ybraýym ýene Hudaýa:
«Ysmaýyly mirasdarym
hökmünde kabul etsediň!»
diýdi.19 Hudaý şeýle diýdi: «Ýok!
Hut öz aýalyň Sara saňa bir ogul
dogrup berer. Sen onuň adyna
Yshak× dakarsyň. Men onuň özi
we tutuş nesli bilen ebedilik äht
dikelderin
×.20 Men seniň
Ysmaýyl hakda aýdanyňy-da
eşitdim. Men Ysmaýyly ýalkap,
örňedip, ony juda köpelderin.
Ondan on iki sany tirebaşy
dörär. Men Ysmaýyldan uly millet
dörederin
×.21 Emma Men Öz
ähtimi geljek ýylyň hut şu
pursatynda Saradan doguljak
Yshak bilen dikelderin»
×.22
Hudaý Ybraýym bilen eden
gürrüňini tamamlap ýokary
göterildi
×.
23 Ybraýym Hudaýyň özüne
buýruşy ýaly, hojalygyndaky
erkekleriň hemmesini, ogly
Ysmaýyly, öz hojalygynda doglan
gullary we satyn alan gullaryny
hut şol günüň özünde
sünnetledi.24 Ybraýym togsan
dokuz ýaşynda sünnetlendi.25
Onuň ogly Ysmaýyl on üç
ýaşynda sünnetlendi. Ybraýym
bilen onuň ogly Ysmaýyl bir
günde sünnetlendi.27
Ybraýymyň hojalygyndaky
erkekleriň ählisi, onuň
hojalygynda doglan gullary-da,
kesekilerden satyn alan gullary-
da onuň bilen bile
sünnetlendiler.

18Вap.
Üç myhman
1 Bir gün günüň jokrama yssy
wagtynda, Ybraýym Mamräniň
dub tokaýjygynyň ýanyndaky
çadyrynyň agzynda otyrka, oňa
Reb göründi
×.2 Ybraýym
töweregine seredip, aňyrrakda
üç kişiniň durandygyny gördi.
Ybraýym olary gören badyna
garşylamak üçin çadyrynyň
agzyndan olara tarap ylgady. Ol
iki bükülip, olara tagzym etdi
×.3
Ybraýym şeýle diýdi: «Eý,
jenabym, eger men siziň
göwnüňizden turan bolsam,
onda öz guluňyzyň duşundan
sowlup geçmäň.4 Men size
aýagyňyzy ýuwar ýaly suw
getirdeýin. Şu agajyň aşagynda
dem-dynjyňyzy alaýyň
×.5 Size
güýç-kuwwat berer ýaly bir
bölek nan getireýin, çünki
ýoluňyz bendäňiziň üstünden
düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy
dowam etdirersiňiz». Olar:
«Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler
×.6
Ybraýym howlukmaç çadyryna,
Saranyň ýanyna geldi-de, oňa:
«Derrew üç kersen oňat undan
hamyr ýugur-da, nan ýap».7
Soňra Ybraýym mallaryna tarap
ylgady-da, sürüden ýaş hem
semiz bir göläni saýlap, ony
hyzmatkär ýigide berdi. Onsoň
hyzmatkär dessine nahar
taýýarlamaga girişdi.8 Ybraýym
gatyk, süýt hem bişirilen göläniň
etini getirip, adamlaryň öňünde
goýdy. Myhmanlar naharlandylar.
Ybraýymyň özi bolsa olaryň
ýanynda agajyň aşagynda durdy.
9 Adamlar Ybraýymdan: «Aýalyň
Sara nirede?» diýip soradylar.
Ybraýym: «Sara ol taýda,
çadyrda» diýip jogap berdi×.10
Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar
men seniň ýanyňa ýene dolanyp
gelerin we oňa çenli aýalyň
Saradan bir ogul bolar» diýdi.
Sara onuň arkasyndaky çadyryň
agzynda bularyň gürrüňini
diňläp durdy×.11 Ybraýym bilen
Saranyň ikisiniň-de ýaşlary bir
çene barypdy; olar örän
garrapdylar. Sarada aýbaşy
gelmesi kesilipdi
×.12 Şoňa görä
Sara içinden gülüp: «Men-de,
adamym-da garry; şu ýaşdan
soň men beýle şatlyga eýe bolup
bilerinmi?!» diýdi
×.13 Şonda
Reb Ybraýymdan: «Näme üçin
Sara „Şu ýaşdan soň men, heý,
çaga dogrup bilerinmi?!“ diýip
güldi?» diýip sorady.14 «Rebbiň
başarmajak zady barmy?!
Bellenen wagtda, indiki ýyl şu
wagtlar ýanyňa dolanyp
gelenimde, Saranyň bir ogly
bolar» diýdi
×.15 «Men
gülmedim» diýip, Sara
gorkusyna boýun almady. Reb:
«Ýok, sen güldüň» diýdi.
Ybraýym Sodom üçin ýalbarýar
16 Adamlar turup, Sodoma tarap
ýola düşdüler. Ybraýym hem
olary ugratmak üçin olar bilen
bile gitdi.17 Reb şeýle diýdi:
«Etjek bolýan işimi Ybraýymdan
gizläýinmi?!
×18 Ybraýymdan
beýik hem güýçli bir millet dörär.
Ýer ýüzüniň ähli milletleri
Ybraýymdan pata alarlar
×.19
Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen
Rebbiň ýolundan ýöremekligi
ogullaryna we nesillerine
tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy
saýladym. Eger olar Meniň
aýdanlarymy berjaý etseler, onda
Men Ybraýyma beren
wadalarymyň hemmesini ýerine
ýetirerin»
×.20 Soňra Reb
Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen
Gomoranyň garşysyna edýän
ahy-nalasyny eşitdim; olaryň
günäleri juda agyrdyr
×.21 Men
aşak düşüp göreýin. Olaryň
etmişi, hakykatdan-da, Maňa
ýetişi ýaly erbetmikä? Men
anyklaýyn» diýdi
×.
22 Şeýdip, adamlar ol ýerden
gaýdyp, Sodoma tarap ýola
düşdüler. Ybraýym bolsa Rebbiň
huzurynda durdy
×.23 Ol Rebbe
golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen
beýtseň, günäliniň oduna
bigünä-de ýanmazmy?!
×24
Aýdaly, galada elli sany bigünä
bar. Elli sany bigünä adamy halas
etmegiň üçin, Seniň olara
haýpyň gelmezmi? Sen şonda-da
galany weýran edermiň?25
Günäli bilen bigünäniň arasyna
parh goýman, bigünäni günäliler
bilen bile öldürmäweri! Beýle iş
etmeklik Senden daşda bolsun!
Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy — Sen
adalatly hereket etmeli dälmisiň
ahyryn!»
×26 Reb: «Eger-de
Sodom galasyndan elli sany
bigünä adam tapsam, onda Men
olaryň hatyrasyna tutuş galany
diri galdyraryn» diýdi
×.27
Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi:
«Seniň öňüňde tozdur kül kimin
bolsam-da, men Sen Taňrym
bilen gepleşmäge ýürek
edýän
×.28 Eger galadaky
bigünäleriň sany kyrk bäş
bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş
adamyň kemterlik edýändigi
üçin Sen tutuş galany weýran
edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-
de Men ol ýerden kyrk bäş sany
bigünäni tapsam, onda ony
weýran etmerin» diýip jogap
berdi.29 Ybraýym Ondan ýene-
de: «Aýdaly, galadan diňe kyrk
sanysy tapylýar, onda näme?» Ol:
«Eger Men ol ýerden kyrk sany
bigünä tapsam, onda ony
weýran etmerin» diýdi.30 Onsoň
Ybraýym Taňra ýüzlenip: «Eý,
Taňrym, geplesem maňa
gaharyň gelmesin. Aýdaly,
galadan otuz sanysy tapylýar,
onda näme?» diýdi. Reb: «Eger
ol ýerden otuz sany bigünä
tapsam, onda Men ony weýran
etmerin» diýdi.31 Ybraýym ýene-
de ýüzlenip: «Men Sen Taňrym
bilen gepleşmäge ýürek edýän.
Aýdaly, galada ýigrimi sany
bigünä bar» diýdi. Taňry:
«Ýigrimi sany bigünäniň
hatyrasy üçin Men galany
weýran etmerin» diýdi.32
Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa
gaharyň gelmesin! Men iň soňky
gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly,
galada bary-ýogy on sany
bigünä bar» diýdi. Taňry: «On
bigünäniň hatyrasy üçin Men
ony weýran etmerin» diýip
jogap berdi×.
33 Reb Ybraýym bilen gürrüňini
tamamlandan soň, onuň
ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa
öýüne dolanyp geldi.

19Вap.
Sodom we Gomora weýran
edilýär
1 Agşamara hälki iki perişde
Sodom galasyna geldi. Lut
galanyň derwezesinde otyrdy. Ol
perişdeleriň gelýänini görüp,
ýerinden turup, olaryň
öňlerinden çykyp, olara iki
bükülip tagzym etdi×.2 Lut: «Eý,
jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da,
bu gije öýüme myhman boluň.
Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy
dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar:
«Ýok, biz gijäni meýdançada
geçireris» diýdiler
×.3 Lut
ýüreginden syzdyryp
ýalbaransoň, olar onuň öýüne
sowuldylar. Ol perişdeleri
hezzetläp, olara petir bişirip
berdi. Olar naharlandylar.4 Olar
ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-
garry ähli erkek adamlary Lutuň
öýüniň daşyny gabadylar.5 Olar
Luta: «Şu gije öýüňe gelen
adamlar nirede? Olary biziň
ýanymyza çykar, biz olar bilen
ýatjak» diýip gygyryşdylar
×.6 Lut
daşary çykyp, gapyny daşyndan
ýapdy we ýygnanan adamlara:
«Eý doganlar, gabahatlykdan el
çekiň.8 Meniň iki sany boý
gyzym bar. Men şolary siziň
eliňize bereýin. Siz olara islän
zadyňyzy edäýiň, ýöne bu
adamlara degmäň. Olar meniň
öýümi penalap geldiler» diýdi
×.9
Emma olar Luta: «Aýryl
gapydan» diýdiler. Olar soňra:
«Gelmişek halyňa bize akyl
öwretjek bolýaňmy? Indi biz
seni olardan hem beter ederis»
diýşip, gapyny döwmek üçin
Luta topuldylar×.10 Emma
içerdäki adamlar gapyny açyp,
Luty içeri saldylar-da, gapyny
ýapdylar.11 Olar gapynyň
agzynda duranlaryň uludan-kiçä
ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri
ýaly gözlerini kör etdiler
×.
12 Adamlar Luta şeýle diýdiler:
«Seniň bu ýerde ýene kimiň bar?
Ogul-gyzyňmydyr, giýewiňmidir,
garaz, galadaky özüňe degişli
adamlaryň ählisini al-da, bu
ýerden çyk
×.13 Biz Sodomy
weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň
halkyna garşy edilýän uly ahy-
nalalary eşidip, bizi Sodomy
weýran etmäge iberdi»
×.14 Lut
özüne giýewi boljaklaryň ýanyna
baryp olara: «Basym bu ýerden
çykyň, Reb galany weýran
etjekdir» diýdi. Emma olar Lut
degişýändir öýtdüler
×.15 Daň
atandan soň perişdeler: «Şäher
weýran edilende heläk
bolmazyňyz ýaly, aýalyň bilen
ýanyňdaky iki gyzyňy hem al-da,
bu ýerden çyk!» diýip, Luty
gyssap başladylar.16 Emma Lut
ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar
Lutuň, onuň aýalynyň hem iki
gyzynyň elinden tutup, Rebbiň
merhemeti bilen olary aman-sag
galadan alyp çykdylar
×.17
Galadan çykanlaryndan soň
adamlaryň biri: «Indi gaç-da,
başyňy gutar. Yzyňa garama!
Düzlükde aýak çekme, göni daga
gaç, ýogsam gala bilen bile heläk
bolarsyň» diýdi
×.
18 Ýöne Lut oňa şeýle diýdi:
«Ýok, ýok jenabym!19 Guluňyz
seniň nazaryňda eýýäm
merhemet tapdy. Sen meni
ölümden halas edip, maňa
ýagşylyk etdiň. Emma men
daglara gaçyp bilmerin; men
betbagtçylyga ýolugyp, ölerin
diýip gorkýaryn.20 Şu golaýda
kiçijik bir gala bar. Ol kiçi
ahyryn?! Özümi şol ýere atmaga
maňa ygtyýar etseň, men
ölümden halas bolaryn».21 Ol
Luta: «Bolýar, seniň haýyşyňy
ýerine ýetirerin. Men ol diýýän
galaňy weýran etmerin.22 Sen
basym gaç, çünki sen ol ýere
baryp ýetýänçäň, men hiç zat
edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-
de ol gala Sogar
× diýlip
atlandyryldy×.
23 Gün doganda, Lut Sogara
gelip ýetdi.24 Şol wagt Reb
Sodom bilen Gomora
galalarynyň üstüne gökden otly
kükürt ýagdyryp, bu iki galany
daş-töweregi, ähli ilatydyr
ösümlikleri bilen bile weýran
etdi
×.26 Lutuň aýaly yzyna
garady we ol şol bada duz
sütünine öwrüldi
×.
27 Ybraýym daň bilen turup,
özüniň Rebbiň huzurynda duran
ýerine gitdi
×.28 Ybraýym
Sodoma, Gomora we tutuş
düzlüge tarap aşak seredip, ol
ýurtdaky asmana göterilýän
tüssäniň edil ojakdan çykýan
ýalydygyny gördi.
29 Şeýdip, Hudaý düzlükdäki iki
galany weýran edende,
Ybraýymy ýatdan çykarmady;
Lutuň mesgen tutan galalaryny
weýran edende, Hudaý Luty ol
betbagtçylykdan halas etdi
×.
Mowaplaryň we ammonlaryň
gelip çykyşy
30 Lut Sogarda galmakdan
gorkup, iki gyzyny-da alyp, bu
ýerden çykdy. Ol dagda mesgen
tutup, gyzlary bilen bile bir
gowakda ýaşaberdi
×.31 Bir gün
gyzlaryň ulusy uýasyna:
«Kakamyz garrap barýar; dünýä
adatyna görä biziň ýanymyza
girer ýaly ýer ýüzünde hiç bir
erkek kişi ýok.32 Gel, kakamyza
şerap içirip, onuň bilen ýataly.
Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti
bilen perzentli bolarys» diýdi.
33 Gyzlar şol gije kakalaryny
serhoş etdiler. Şeýdip, gyzlaryň
ulusy öz kakasynyň ýanyna girip,
onuň bilen ýatdy. Lut gyzynyň
haçan ýatyp, haçan turanyny-da
bilmedi.34 Ertesi gün ýene
gyzlaryň ulusy öz doganyna:
«Men öten agşam kakam bilen
ýatdym. Gel, bu gije-de ony
serhoş edeli; sen hem onuň
bilen ýat. Şeýdip, biz öz
kakamyzyň üsti bilen perzentli
bolarys» diýdi.35 Gyzlar bu gije
hem kakalaryny serhoş etdiler.
Bu gezek gyzlaryň kiçisi öz
kakasynyň ýanyna girip, onuň
bilen ýatdy. Lut onuň-da haçan
ýatyp, haçan turanyny bilmedi.
36 Şeýdip, Lutuň iki gyzy-da öz
kakasyndan göwreli boldy.37
Gyzlaryň ulusy bir ogul dogurdy
we onuň adyna Mowap
× dakdy.
Ol häzirki mowaplaryň
nesilbaşysydyr
×.38 Gyzlaryň
kiçisi-de bir ogul dogurdy we
onuň adyna Benamy
× dakdy. Ol
häzirki ammonlaryň
nesilbaşysydyr
×.

20Вap.
Ybraýym we Abymelek
1 Ybraýym ol ýerden Negep
çölüne göçüp, Kadeş bilen Şuruň
aralygynda düşledi. Soňra ol
Gerarda gelmişek bolup
ýaşady
×.2 Ybraýym öz aýaly Sara
«Ol meniň aýal doganym» diýdi.
Geraryň şasy Abymelek adam
iberip, Sarany getirtdi
×.
3 Hudaý Abymelegiň düýşüne
girip, oňa: «Ärli aýaly ýanyňa
aldyrdandygyň sebäpli sen
ölersiň» diýdi
×.4 Emma
Abymelek Sara heniz
ýakynlaşmandy. Abymelek: «Eý,
Taňry! Sen bigünä halky-da ýok
etjekmi?!
×5 Ybraýymyň özi: „Bu
meniň aýal doganym“ diýip
aýtmadymy näme?! Aýalyň özi-
de: „Ol meniň erkek doganym“
diýdi ahyryn. Men bu işi päk
ýürek we ynsap bilen etdim»
diýdi.
6 Hudaý Abymelege düýşünde
şeýle diýdi: «Seniň muny päk
ýürekden edendigiňi Men
bilýärin. Seni Özüme garşy günä
etmeklikden saklan Mendirin.
Şonuň üçin seniň oňa el
urmagyňa ygtyýar bermedim×.7
Indi bolsa sen aýaly öz
adamsyna gaýtaryp ber, çünki
onuň adamsy pygamberdir. Ol
seniň üçin dileg eder. Şeýdip,
sen diri galarsyň. Aýaly yzyna
gaýtarmasaň, sen we seniň ähli
adamlaryň hökman ölersiňiz»×.
8 Abymelek daň bilen turdy we
ähli emeldarlaryny çagyryp, olara
düýşüni gürrüň berdi. Olar gaty
gorkdular.9 Abymelek Ybraýymy
çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň
boldy?! Seniň meni we meniň
patyşalygymy beýle uly günä
bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň
saňa garşy eden günäm näme?!
Sen maňa asla edilmeli däl işi
etdiň» diýdi.10 Abymelek ýene-
de Ybraýymdan: «Sen näme
maksat bilen beýle etdiň?» diýip
sorady.
11 Ybraýym oňa şeýle jogap
berdi: «Bu ýerde Hudaýdan
gorkýan ýokdur öýtdüm we
aýalym sebäpli özümi öldürerler
diýip pikir etdim×.12 Onsoňam
ol meniň, hakykatdan-da, aýal
doganym. Ikimiz atabir
enebaşga dogandyrys, ol soň
meniň aýalym boldy
×.13 Hudaý
meni atamyň öýünden entedip
iberende, men Sara: „Sen maňa
wepaly bol. Men barada soran
her kişä bu meniň erkek
doganym diý“ diýdim»
×.
14 Abymelek Ybraýyma
ownukly-irili mallar, gullardyr
gyrnaklar berdi; aýaly Sarany
hem oňa gaýtaryp berdi
×.15
Abymelek Ybraýyma: «Ine, tutuş
ýurdum seniň öňüňde ýaýylyp
ýatyr. Sen islän ýeriňde ýaşa»
diýdi
×.16 Abymelek Sara-da:
«Doganyňa müň teňňe kümüş
berdim. Bu ýanyňdakylara seniň
bigünädigiňi görkezer. Sen doly
aklanansyň» diýdi
×.17
Ybraýymyň aýaly Sara sebäpli,
Reb Abymelegiň köşgündäki
aýallaryň ählisiniň ýatgysyny
baglapdy. Ybraýym Hudaýa dileg
etdi. Hudaý Abymelegiň özüni-
de, aýalydyr gyrnaklaryny-da
çaga dograrlary ýaly sagaltdy××.

21Вap.
Yshagyň dogluşy
1 Reb edil aýdyşy ýaly, Sara
beren wadasyny berjaý etdi
×.2
Hudaýyň aýdan wagtynda
Ybraýym garransoň, Sara
göwreli bolup, oňa bir ogul
dogrup berdi
×.3 Ybraýym
özüniň Saradan bolan oglunyň
adyna Yshak dakdy
×.4 Hudaýyň
buýruşy ýaly edip, Yshak sekiz
günlükkä Ybraýym ony
sünnetledi
×.5 Ogly Yshak
doglanda, Ybraýym ýüz
ýaşyndady
×.6 Sara: «Hudaý
maňa begenç hem gülki getirdi.
Oglumyň bolandygyny eşiden
her kişi meniň bilen bile
gülşer»
×.7 Sara: «Ybraýyma Sara
çaga emdirer diýen bolsa, muňa
ynanan tapylarmydy?! Emma,
ine, ol gojalansoň, men oňa ogul
dogrup berdim» diýdi
×.8 Çaga
ulaldy, ony süýtden aýyrdylar. Şol
gün, ýagny Yshagyň süýtden
aýrylan güni Ybraýym uly toý
tutdy.
Hajaryň we Ysmaýylyň kowluşy
9 Asly müsürli Hajaryň
Ybraýymdan bolan oglunyň öz
ogly Yshagyň üstünden
gülýänini Sara gördi
×.10 Ol
Ybraýyma: «Bu gyrnagy ogly
bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň
ogly oglum Yshak bilen
mirasymyzy paýlaşmaz»
diýdi
×.11 Emma ogly baradaky
bu mesele Ybraýyma juda agyr
degdi.12 Hudaý Ybraýyma şeýle
diýdi: «Sen ogluň we gyrnagyň
üçin gamlanma. Sara näme et
diýse, şony-da et, çünki seniň
adyň Yshagyň nesliniň üsti bilen
dowam eder×.13 Gyrnagyňdan
bolan ogluňdan hem bir millet
ýaradaryn, çünki ol-da seniň
perzendiňdir»
×.14 Ybraýym daň
bilen turdy-da, biraz nan hem
bir meşik suw alyp, olary Hajaryň
egnine atdy. Ol oglany Hajaryň
gözegçiligine berip, ony
goýberdi. Hajar gidip,
Beýerşebanyň çölünde esli wagt
entedi×.
15 Meşikdäki suw tükendi. Hajar
oglany bir gyrymsy agajyň
aşagynda taşlap gitdi.16
«Oglumyň ölenini bir görmäýin»
diýip, gidip, oglundan okýetim
uzaklykda oturyp, içigip-içigip
aglady.17 Hudaý oglanyň sesini
eşitdi. Hudaýyň perişdesi
gökden Hajary çagyryp: «Hajar,
näme boldy? Gorkma, Hudaý
oglanyň sesini eşitdi. Bar, oglany
ýerinden galdyr-da, elinden tut.
Men ondan bir beýik millet
ýaradaryn» diýdi.19 Hudaý
Hajaryň gözüni açdy we ol bir
suwly guýyny gördi. Ol baryp,
guýudan meşigini doldurdy-da,
ondan ogluna içirdi
×.
20 Hudaý ol oglan bilen biledi. Ol
ulalyp, çölde ýaşap, ökde
kemançy bolup ýetişdi
×.21
Oglan Paran çölünde ýaşaýardy.
Ejesi ony müsürli bir gyza öýerdi.
Ybraýym bilen Abymelek äht
edişýär
22 Şol döwürde Abymelek
patyşa öz harby serkerdesi Pikol
bilen bile Ybraýymyň ýanyna
baryp, oňa: «Ähli işde Hudaý
seniň bilen biledir
×.23 Sen maňa
meniň tohum-tijime biwepalyk
etmejekdigiňe, meniň saňa
wepaly bolşum ýaly, seniň-de
maňa we öz gelmişek bolup
ýaşaýan ýurduňa wepaly
boljakdygyňa sen Hudaýdan ant
iç» diýdi×.24 Ybraýym: «Ant
içýärin» diýdi.
25 Soňra Abymelegiň gullarynyň
özünden suwly guýyny zor bilen
alandyklary üçin Ybraýym oňa
närazylyk bildirdi
×.26 Abymelek
oňa: «Muny men şu wagt
eşidýärin. Ony kimiň
edendiginden habarym ýok. Sen
muny maňa habar bermediň»
diýdi.27 Ybraýym Abymelege
ownukly-irili mal berdi. Olar
özara äht baglaşdylar×.28
Ybraýym ýedi sany guzyny
sürüden çykaryp, aýry goýdy.29
Patyşa Ybraýymdan: «Näme üçin
beýdýärsiň?» diýip sorady.30 Ol:
«Sen şu ýedi guzyny menden al.
Şeýle etmek bilen sen şol guýyny
meniň gazdyrandygyma şaýatlyk
edersiň» diýdi.31 Olar bu guýyny
Beýerşeba
× diýip atlandyrdylar,
çünki bu ýerde olar özara ant
içişipdiler
×.32 Olar Beýerşebada
äht baglaşanlaryndan soň,
Abymelek öz harby serkerdesi
Pikol bilen ol ýerden öz ýurduna,
piliştlileriň topragyna dolandy.33
Ybraýym Beýerşebada bir sany
ýylgyn dikip, ol ýerde Baky
Hudaý Rebbiň adyna ybadat
etdi
×.34 Ybraýym piliştlileriň
ýurdunda uzak wagtlap
gelmişek bolup ýaşady.

22Вap.
Hudaýyň Ybraýymy synaýşy
1 Şol wakalardan soň Hudaý
Ybraýymy synady. Hudaý oňa:
«Ybraýym!» diýip seslendi.
Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip
jogap berdi
×.2 Hudaý: «Ogluňy,
ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň
Yshagy al-da, Moryýa ýurduna
bar we Meniň saňa görkezjek
dagymyň üstünde Yshagy
Hudaýa ýakma gurbanlygy
hökmünde hödür et» diýdi
×.3
Ybraýym daň bilen turup,
eşegini gaňňalady. Öz
hyzmatkärlerinden ikisini hem-
de Yshagy ýanyna aldy; ýakma
gurbanlygy üçin odun
döwüşdirdi we Hudaýyň özüne
aýdan ýerine gitdi.4 Üçülenji
gün Ybraýym ol ýeri uzakdan
gördi.5 Ybraýym
hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde,
eşegiň ýanynda galyň. Oglum
ikimiz beýleräge gidip, sežde
edip, onsoň yzymyza dolanyp
geleris» diýdi.6 Ol ýakma
gurbanlygy üçin niýetlenen
odunlary ogly Yshagyň omzuna
goýdy, ot bilen pyçagy bolsa
Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip,
ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip
barýarkalar, birden: «Kaka!»
diýip, Yshak Ybraýyma ýüzlendi.
Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi.
Yshak: «Ot-da, odun-da bar,
ýöne ýakma gurbanlygy üçin
janly nirede?» diýdi×.8 Ybraýym:
«Ýakma gurbanlyk janlysy bilen
Hudaýyň özi üpjün eder, oglum»
diýip jogap berdi. Olar ýollaryny
dowam etdirdiler
×.
9 Olar Hudaýyň Ybraýyma
görkezen ýerine gelip ýetdiler.
Ybraýym ol ýerde gurbanlyk
sypasyny ýasady. Odunlary onuň
üstüne üýşürdi we ogly Yshagy
daňyp, ony odunlaryň üstünde
ýatyrdy×.10 Soňra ogluny
gurban etmek üçin pyçagyny
eline aldy.11 Onsoň Rebbiň
perişdesi oňa gökden:
«Ybraýym! Ybraýym!» diýip
gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý»
diýip jogap berdi.12 Perişde:
«Oglana el gatma, oňa hiç zat
etme. Indi Men seniň Hudaýdan
gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz
ýalňyz ogluňy Menden
gaýgyrmadyň» diýdi
×.13 Şol
wagt Ybraýym başyny galdyryp,
aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň
gür çybyklaryna şahy çolaşan bir
goçuň durandygyny gördi.
Ybraýym baryp goçy tutdy we
ony oglunyň deregine Rebbe
ýakma gurbanlyk edip berdi.14
Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire
×»
diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan
«Rebbiň dagynda üpjün edilýär»
diýen söz hem şondan
galandyr.)
×
15 Rebbiň perişdesi gökden
Ybraýymy ikinji gezek çagyryp,
oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz
adymdan ant içýärin. Seniň bu
işi edendigiň üçin, ýagny öz
ýalňyz ogluňy Menden
gaýgyrmandygyň üçin, Men
hakykatdanam seni ýalkap,
seniň nesliňi asman
ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň
çägeleri deý köpelderin. Seniň
nesliň öz duşmanlaryndan üstün
çykar××.18 Meniň sözüme gulak
asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli
milletleri seniň nesilleriňden
pata alarlar“» diýdi
×.
19 Ybraýym hyzmatkärleriniň
ýanyna gaýdyp geldi. Olar ol
ýerden Beýerşeba gaýtdylar.
Ybraýym Beýerşebada ýaşady
×.
20 Şol wakalardan soň
Ybraýyma şeýle habar geldi:
«Milka doganyň Nahora ençeme
ogul dogrup berdi
×.21 Ilkinji
ogly Us, onuň dogany Büz hem-
de Kemuwal (bu Aramyň
kakasydyr),
×22 Keset, Hazo,
Pildaş, Ýidlap hem Betuwel.23
Betuwelden Rebeka doguldy».
Milka şu sekiz ogly Ybraýymyň
dogany Nahora dogrup
berdi
×.24 Onuň Rewuma atly
gyrnak aýaly-da Tebany,
Gahamy, Tahaşy hem-de
Magakany dogurdy.

23Вap.
Saranyň ölümi
1 Sara ýüz ýigrimi ýedi ýaşady;
şu onuň ömür süren ýyllarydy.2
Sara Kengan ýurdundaky
Kirýatarbada, ýagny Hebronda
dünýäden ötdi. Ybraýym Sara
üçin matam tutup, ýas
baglamaga geldi×.3 Ol Saranyň
jesediniň ýanyndan turdy we
hetleriň ýanyna baryp, olara:4
«Men siziň araňyzda ýaşaýan bir
gelmişekdirin. Maňa öz
araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer
beriň» diýdi
×.5 Hetler Ybraýyma:
«Bizi diňle agam, biz saňa
Hudaýyň hormatlaýan adamy
hökmünde garaýarys. Sen
aýalyňy biziň iň gowy
gonamçylygymyzda jaýla. Biziň
hiç birimiz öz gonamçylygymyzy
senden gaýgyrmarys we
merhumyňy jaýlamakdan
saklamarys» diýdiler.7 Ybraýym
ýerinden turup, ol ýurduň halky
bolan hetlere tagzym etdi.8 Ol
olara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger-
de meniň merhumymy öz
araňyzda jaýlamagyma razy
bolsaňyz, onda Soharyň ogly
Epronyň mülküniň çetindäki
Makpela gowagyny maňa mülk
hökmünde doly bahasyndan
satmagyny haýyş edip beriň»
diýdi.10 Şol wagt hetleriň
arasynda Epron hem otyrdy.
Epron hetlere, gala
derwezesindäkileriň hemmesine
eşitdirip, gaty ses bilen:
×11
«Ýok, jenabym, maňa gulak as.
Men şol mülk ýeri öz
kowumdaşlarymyň öňünde
gowagy bilen bile saňa mugt
berýärin. Arkaýyn merhumyňy
jaýlaber» diýdi.
12 Ybraýym hetleriň öňünde
tagzym etdi we ol halaýyk eşider
ýaly edip, Eprona: «Onda diňle,
men şol mülk ýeriň hakyny saňa
tölärin, sen ony al-da, maňa ol
ýerde merhumymy jaýlamaga
ygtyýar et» diýdi.14 Epron
Ybraýyma: «Jenabym, maňa
gulak as. Mülk ýeriň bahasy dört
ýüz kümüş teňňedir. Ikimiziň
aramyzda bu bir uly zat däl-le.
Git-de, merhumyňy jaýlaber»
diýdi×.16 Ybraýym Epron bilen
ylalaşdy we Epronyň hetlere
eşitdirip aýdan mukdarynda,
söwdagärleriň arasyndaky
ölçege görä ölçäp, oňa kümüş
berdi
×.
17 Şunlukda, Epronyň Mamreniň
gündogarynda ýerleşýän
Makpeladaky mülki gowagydyr
ähli baglary bilen bile Ybraýymyň
eýeçiligine geçdi. Hetler-de, gala
derwezesinde oturan ýaşulular-
da muny ykrar etdiler×.19
Şondan soň Ybraýym öz aýaly
Sarany Mamreniň, ýagny
Hebronyň gündogarynda
ýerleşen Makpeladaky
mülkündäki gowakda, Kengan
ýurdunda jaýlady.20 Şeýlelikde,
hetleriň şol mülki ondaky gowak
bilen bile Ybraýyma gonamçylyk
üçin berildi
×.

24Вap.
Yshak we onuň gelinligi
Rebeka
1 Ybraýym juda garrapdy. Reb
ony ähli babatda ýalkapdy
×.2
Ybraýym öýüniň iň ulusyna,
özüniň ähli işlerini dolandyryjy
hyzmatkärine şeýle diýdi: «Eliňi
uýlugymyň astynda goý-da,
ogluma häzirki ýaşaýan
ýerimdäki halkdan, Kengan
gyzlaryndan gelinlik
tapmajakdygyňa gögüň we
ýeriň Hudaýy Rebden ant iç
××.4
Meniň dogduk mekanyma,
garyndaşlarymyň arasyna git-de,
oglum Yshaga gelinligi şol
ýerden tapyp getir»
×.5
Hyzmatkär Ybraýymdan: «Eger-
de gyz meniň bilen bile bu ýere
gelmek islemese, onda seniň
ogluňy çykyp gaýdan dogduk
mekanyňa alyp gideýinmi?»
diýip sorady.6 Ybraýym oňa
şeýle diýdi: «Oglumy ol ýere
äkidäýme.7 Meni atamyň
öýünden alyp gaýdyp: „Bu ýeri
seniň nesliňe berjek“ diýip,
wada eden Gökdäki Hudaý Reb
Öz perişdesini seniň öňüňden
iberer. Şeýdip, sen ol ýerden
oglum üçin bir gyz taparsyň
×.8
Eger ol gyz seniň bilen gaýtmak
islemese, onda sen içen
antyňdan azat bolarsyň. Ýöne
hergiz oglumy ol ýere
äkitmegin»
×.9 Hyzmatkär elini
Ybraýymyň uýlugynyň astynda
goýup ant içdi
×.
10 Hyzmatkär Ybraýymyň
düýelerinden onusyny hem-de
onuň gymmatbaha
sowgatlaryndan alyp,
Mesopotamiýadaky Nahoryň
ýaşaýan galasyna tarap ýola
düşdi×.11 Ol gala baryp ýetdi we
onuň daşyndaky guýynyň
başynda düýelerini çökerdi;
agşam çaglarydy — galanyň gyz-
gelinleriniň suw almaga çykýan
wagtlarydy
×.12 Soňra ol şeýle
dileg etdi: «Eý, meniň jenabym
Ybraýymyň Hudaýy Reb!
Jenabym Ybraýyma merhemet
et-de, meniň işimi oň et
×.13 Ine,
men guýynyň başynda durun.
Şäheriň gyzlary guýudan suw
çekmäge gelýärler
×.14 Men bir
gyza: „Küýzäňi egniňden düşür-
de, maňa birazajyk suw bersene,
içeýin-le“ diýerin. Eger ol gyz
maňa: „Al, iç, men seniň
düýeleriňi-de suwa ýakaýyn“
diýse, ol Seniň guluň Yshak üçin
saýlan gyzyň bolar. Şonda men
Seniň jenabyma merhemet
edendigiňi bilerin»
×.
15 Ybraýymyň hyzmatkäri heniz
dileg edip otyrka, Rebeka egni
küýzeli galadan çykyp gelýärdi.
Ol Ybraýymyň inisi Nahor we
onuň aýaly Milkanyň ogly
Betuweliň gyzydy
×.16 Ol heniz
erkek eli degmedik görmegeý,
boý gyzdy. Rebeka aşak guýa
inip, küýzesini suwdan
doldurdy-da, yzyna dolandy
×.17
Hyzmatkär ylgap, onuň öňünden
çykyp: «Küýzäňdäki suwdan
birazajyk içeýin-le» diýdi.18 Ol:
«Içiň, meniň jenabym» diýdi-de,
dessine küýzesini egninden
düşürip, oňa suw berdi.19
Rebeka Ybraýymyň
hyzmatkärine suw bereninden
soň: «Men siziň düýeleriňizi-de
ganýança suwa ýakaryn»
diýdi.20 Ol dessine küýzesindäki
suwy nowa guýdy-da, suw
çekmek üçin guýa tarap ylgady.
Ol onuň düýeleriniň ählisi üçin
guýudan suw çekdi.21
Ybraýymyň hyzmatkäri öz ýoluny
Rebbiň açandygyny ýa-da
açmandygyny biljek bolup, sesini
çykarman gyzy synlap durdy.22
Düýeler suwdan gananlaryndan
soň, Ybraýymyň hyzmatkäri
agyrlygy bir mysgaldan gowrak
bolan tylla burun halkasyny we
her taýy on mysgal bolan goşa
tylla bilezigi gyza berdi.23 Soňra
ol gyzdan: «Sen kimiň gyzy?
Ataň öýünde maňa we meniň
ýoldaşlaryma gijäni geçirer ýaly
ýer tapylmazmyka?» diýip
sorady.24 Gyz oňa: «Men
Nahoryň we Milkanyň ogly
Betuweliň gyzydyryn
×.25 Bizde
saman-da, ot-da köp, ýatar ýaly
ýer hem bar» diýip jogap
berdi.26 Ybraýymyň hyzmatkäri
baş egip, Rebbe sežde etdi
×.27
Ol: «Jenabym Ybraýymyň Hudaýy
Rebbe alkyş bolsun, çünki Ol Öz
wepaly söýgüsini meniň
jenabymdan gaýgyrmady. Ol
meni jenabymyň garyndaşynyň
öýüne göni alyp geldi» diýdi
×.28
Gyz öýlerine bakan ylgady we
baryp, öýündäkilere bolan
wakany gürrüň berdi.29
Rebekanyň Laban diýen erkek
dogany bardy. Laban öz aýal
dogany Rebekanyň burun
halkasyny, bilegindäki
bileziklerini görüp, Rebekadan ol
adamyň nämeler diýenini eşidip,
guýa tarap ylgady. Ol guýynyň
başyna gelende, ýaňky adam
heniz hem düýeleriniň ýanynda
durdy×.31 Laban: «Näme üçin
bu ýerde dursuň? Ýör, öýe gideli,
eý, Rebbiň ýalkany, ýör öýe
gideli. Men seniň üçin jaý,
düýeleriň üçin hem ýer
taýynladym» diýdi
×.32 Şeýdip,
Ybraýymyň hyzmatkäri içeri
girdi. Laban düýeleriň ýüküni
düşürip, olaryň öňüne samandyr
ot dökdi. Ol Ybraýymyň
hyzmatkärine we onuň
ýoldaşlaryna aýaklaryny
ýuwarlary ýaly suw getirip
berdi
×.33 Onuň öňüne nahar
goýuldy, ýöne ol adam:
«Habarymy alýançaňyz,
naharlanjak däl» diýdi. Laban
oňa: «Beýle bolsa, habaryňy
beräý» diýdi.
34 Ybraýymyň hyzmatkäri şeýle
diýdi: «Men Ybraýymyň
hyzmatkäridirin.35 Reb meniň
jenabyma köp bereket berdi. Ol
meniň jenabymy baýadyp, oňa
ownukly-irili mallar, altyn-kümüş,
gul-gyrnaklar hem-de düýelerdir
eşekler berdi×.36 Jenabymyň
aýaly Sara garrandan soň, ol
Ybraýyma ogul dogrup berdi.
Ybraýym ähli emlägini ogluna
berdi
×.37 Jenabym: „Ogluma
ýaşaýan ýerim bolan Kengandan
gyz alma. Meniň öz dogduk
mekanyma, garyndaşlarymyň
ýanyna git-de, oňa şol ýerden
gelinlik tapyp getir“ diýip, maňa
ant içirdi
×.39 Men jenabyma:
„Tapan gyzym meniň bilen
gaýtmasa nädeýin?“ diýdim.40
Jenabym: „Nazarynda gezýän
Rebbim Öz perişdesini seniň
öňüňden iberip, işiňi oň eder.
Şeýdip, sen meniň dogduk
mekanymdan, garyndaşlarymyň
arasyndan ogluma gelinlik
taparsyň
×.41 Meniň
garyndaşlarymyň arasyna
baranyňda, şonda sen maňa
içen antyňdan azat bolarsyň;
hatda olar saňa gyz bermeseler-
de, sen maňa içen antyňdan azat
bolarsyň“ diýdi.42 Ine, şeýdip,
men guýynyň başyna gelip, şeýle
dileg etdim: „Eý, jenabym
Ybraýymyň Hudaýy Reb! Sen
meniň işimi oň et
×.43 Ine, men
guýynyň başynda durun.
Guýudan suw çekmäge gelen
gyzlardan birine: ‘Küýzäňdäki
suwdan birazajyk içäýeýin’
diýenimde, ol maňa: ‘Al, iç, men
seniň düýeleriňi-de suwa
ýakaýyn’ diýse, goý, ol meniň
jenabymyň ogly üçin saýlan
gyzyň bolsun“ diýdim
××.45 Men
heniz içimden edýän dilegimi
soňlamankam, Rebeka egni
küýzeli galadan suw almaga
çykyp gelýärdi. Ol guýa baryp,
ondan suw çekdi. Men oňa:
„Maňa suw bersene“ diýdim
×.46
Ol dessine küýzesini egninden
düşürdi-de: „Al, iç. Men siziň
düýeleriňizi-de suwa ýakaýyn“
diýdi. Şeýdip, men suw içdim, ol
düýeleri-de suwa ýakdy.47 Men
ondan: „Sen kimiň gyzy?“ diýip
soradym. Ol: „Men Nahoryň we
Milkanyň ogly Betuweliň
gyzydyryn“ diýip jogap berdi.
Men oňa burun halkasy bilen
bilezik berdim
×.48 Soňra men
baş egip, Rebbe sežde etdim.
Yshak üçin jenabymyň
garyndaşynyň gyzyny almaga
göni ýol görkezen jenabym
Ybraýymyň Hudaýy Rebbi
alkyşladym
×.49 Indi siz öz
jogapkärçiligiňizi berjaý ediň we
meniň jenabyma wepaly boluň-
da, maňa boljagyny ýa-da
bolmajagyny aýdyň. Onsoň men
näme etmelidigi barada belli
karara gelerin»
×.50 Laban bilen
Betuwel oňa şeýle jogap
berdiler: «Bu Rebbiň işidir. Muny
biz çözýän däldiris
×.51 Rebeka
şu ýerde, ony al-da gidiber. Goý,
ol Rebbiň aýdyşy ýaly, seniň
jenabyňyň ogluna aýal
bolsun»
×.52 Ybraýymyň
hyzmatkäri bu sözleri eşidip,
Rebbe dyza çöküp sežde
etdi
×.53 Ol Rebeka altyndyr
kümüş, şaý-sepler we geýimler
çykaryp berdi, onuň ejesi bilen
erkek doganyna-da
gymmatbaha sowgatlar etdi.54
Soňra Ybraýymyň hyzmatkäri öz
ýanyndaky adamlar bilen iýip-
içdi we olar gijäni şol ýerde
geçirdiler. Irden turanlaryndan
soň ol: «Indi meni ýola salyň,
men öz jenabymyň ýanyna
dolanaýyn» diýdi
×.55 Emma
gyzyň ejesi bilen dogany: «Goý,
Rebeka hiç bolmasa on gün
ýanymyzda bolsun, onsoň
gidibersin» diýdiler.56
Ybraýymyň hyzmatkäri bulara:
«Reb meniň işimi oň etdi. Siz
meni eglemäň; maňa rugsat
beriň, men öz jenabymyň
ýanyna dolanaýyn» diýdi.57 Olar:
«Gyzy çagyryp, onuň özünden
sorap göreliň» diýdiler.58 Olar
Rebekany çagyryp, ondan: «Sen
şu adam bilen gitjekmi?» diýip
soradylar. Rebeka: «Hawa,
gitjek» diýip jogap berdi.59
Şunlukda, olar uýasy Rebekany,
onuň enekesini, Ybraýymyň
hyzmatkäri bilen onuň
adamlaryny ugratdylar×.60 Olar
Rebeka pata berip, şeýle diýdiler:
«Eý, aýal doganymyz!
Goý, senden müňläp-müňläp
perzentler dünýä insin;
Nesliň öz duşmanlarynyň
galalaryny basyp alsyn!»
×
61 Rebeka bilen onuň
gyrnaklary düýelere münüp,
Ybraýymyň hyzmatkäriniň yzyna
düşdüler. Ybraýymyň hyzmatkäri
Rebekany alyp, ýola rowana
boldy.62 Bu wagt Yshak Beýer-
lahaýroýdan gaýdyp gelip,
Negep çöllüginde düşläpdi
×.63
Ol bir gün agşam daşarda
gezmelemäge çykdy. Yshak
başyny galdyryp, birnäçe
düýäniň gelýändigini gördi
×.64
Rebeka Yshagy görüp, düýeden
düşdi we Ybraýymyň
hyzmatkärinden: «Biziň
öňümizden gelýän adam kim?»
diýip sorady. Hyzmatkär: «Ol
meniň jenabym» diýip jogap
berdi. Rebeka bürenjegini alyp,
ýüzüni büredi.66 Hyzmatkär
başdan geçirenleriniň baryny
Yshaga gürrüň berdi.67 Yshak
Rebekany ejesi Saranyň ýaşan
çadyryna alyp bardy. Yshak
Rebeka öýlendi we ony söýdi.
Şeýdip, Yshak ejesiniň ölümi
üçin çekýän hasratyndan
köşeşdi
×.

25Вap.
Ybraýymyň ölümi
1 Ybraýym ýene-de Ketura atly
bir aýala öýlendi.2 Keturah
Ybraýyma Zimrany, Ýokşany,
Medany, Midýany, Ýişbaky we
Şuwany dogrup berdi
×.3
Ýokşandan Şeba we Dedan
doguldy. Dedandan aşurlar,
latuşlar we lagumlar döredi.4
Midýandan Eýpa, Eper, Hanok,
Abyda we Eldaga doguldy.
5 Ybraýym özüniň ähli emlägini
Yshaga berdi×.6 Emma gyrnak
aýallaryndan bolan ogullaryna
bolsa Ybraýym özi dirikä
sowgatlar berip, olary Yshakdan
aýryp, gündogar topragyna
iberdi
×.
7 Ybraýym ýüz ýetmiş bäş ýyl
ömür sürüp, garrap, öz
durmuşyndan razy bolup,
dünýäden ötdi we ata-
babalaryna gowuşdy
×.9 Ogullary
Yshak bilen Ysmaýyl, Ybraýymy
Makpela gowagynda, het
Soharyň ogly Epronyň mülkünde,
Mamreniň gündogarynda
ýerleşýän Ybraýymyň hetlerden
satyn alan ýerinde jaýladylar.
Şunlukda, Ybraýym bilen onuň
aýaly Sara ikisi-de şol ýerde
jaýlandy
××.11 Ybraýym ölenden
soň Hudaý onuň ogly Yshagy
ýalkady. Yshak Beýer-lahaýroýyň
golaýynda düşledi
×.
Ysmaýylyň nesilleri
12 Ybraýymyň Saranyň müsürli
gyrnagy Hajardan bolan ogly
Ysmaýylyň nesilleri şulardyr
×.13
Uludan kiçä Ysmaýylyň
ogullarynyň atlary şunuň ýalydyr:
Nebaýot (nowbahar ogly), Kedar,
Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma,
Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş
we Kedema
××.16 Şular
Ysmaýylyň nesilleriniň obalaryna
we düşelgelerine görä atlarydyr.
Olar on iki tirebaşydyrlar
×.17
Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür
sürüp, dünýäden ötdi we ata-
babalaryna gowuşdy
×.18
Ysmaýylyň nesilleri Aşur tarapda,
Müsüriň golaýynda, Hawyladan
Şura çenli bolan aralykda
ýaşadylar. Olar Ybraýymyň
beýleki nesillerinden aýra
ýaşadylar
×.
Ysaw we Ýakup
19 Ybraýymyň ogly Yshagyň
nesilleri şulardyr
×.20 Yshak
Rebeka öýlenende, ol kyrk
ýaşyndady. Rebeka
Padanaramdaky aramly
Betuweliň gyzy, aramly Labanyň
aýal doganydy
×.21 Rebekadan
perzent önmeýärdi. Yshak aýaly
üçin Rebbe dileg etdi. Reb
Yshagyň dilegini eşitdi we
Rebeka hamyla boldy
×.
22 Göwredäki ekiz çaga biri-biri
bilen itekleşýärdi. Rebeka:
«Näme üçin bu ejir meniň
başyma düşdi?» diýip, Rebden
sorady
×.
23 Reb oňa şeýle jogap berdi:
«Göwräňde iki millet bar,
Senden iki bäsdeş halk dörär.
Biri beýlekisinden rüstem çykar,
Ulusy kiçisine gul bolar»
×.
24 Wagty dolup, Rebeka ekiz
ogul dogurdy.25 Olaryň ilkinji
doglanynyň ýüzi gyzyl we teni
edil possun geýnen ýaly tüýlekdi.
Oňa Ysaw
× diýip at
goýdular×.26 Soňra onuň
ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy
dünýä indi. Şonuň üçinem onuň
adyna Ýakup
× dakdylar. Çagalar
doglanda, Yshak altmyş
ýaşyndady
×.
27 Oglanlar ulalyp, Ysaw ökde
awçy we meýdan adamy, Ýakup
bolsa ýuwaş hem öýdeçi adam
bolup ýetişdi
×.28 Yshak Ysawy
söýýärdi, çünki Yshak onuň
getirýän aw etlerini halaýardy.
Rebeka bolsa Ýakuby söýýärdi
×.
29 Günleriň bir güni Ýakup
çorba bişirip ýörkä, Ysaw gaty
ýadaw hem aç halda
meýdandan geldi.30 Ol Ýakuba:
«Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan
maňa-da bersene. Men aç
öldüm» diýdi. (Şol sebäpden
hem oňa Edom
× diýip at
dakdylar.)31 Ýakup oňa: «Ilki öz
nowbahar ogullyk hakyňy maňa
sat» diýdi.32 Ysaw: «Men
açlygymdan ölüp barýaryn,
nowbahar ogullyk haky meniň
nämäme derkar» diýdi.33 Ýakup
oňa: «Onda ant iç» diýdi. Ysaw
ant içip, öz nowbahar ogullyk
hakyny Ýakuba satdy
×.34 Ýakup
Ysawa nan hem gyzyl nohut
çorbasyny berdi. Ysaw iýip-içip
bolandan soň, turup gitdi. Ine,
şeýdip, Ysaw özüniň nowbahar
ogullyk hakyna biperwaý
garady.